Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin roždestwony bellemeýär?

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin roždestwony bellemeýär?

Giňden ýaýran nädogry düşünje

 Ýalan: Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygambere iman etmeýändigi üçin roždestwony bellemeýärler.

 Hakykat: Ýehowanyň Şaýatlary diňe Isa Mesih arkaly halas boljakdyklaryna ynanýarlar (Resullar 4:12).

 Ýalan: Olar roždestwony bellemeli däldigi barada öwredip, maşgalada agzalalyk döredýär.

 Hakykat: Biz maşgalalar bilen ýürekden gyzyklanyp, olara Mukaddes Kitap arkaly maşgalasyny hasam berkitmäge kömek edýäris.

 Ýalan: Siz jomartlyk bildirip, parahatlygy saklamaga jan edip we ýagşylyk edip, «roždestwonyň ruhuny» görkezmeýärsiňiz.

 Hakykat: Biz her gün diýen ýaly jomart bolmaga we parahatlygy saklamaga jan edýäris (Nakyllar 11:25; Rimliler 12:18). Meselem, biz ýygnak duşuşyklarynda we wagyz edenimizde, Isa pygamberiň: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýen maslahatyna eýerýäris (Matta 10:8). Şeýle-de biz diňe Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde hakyky parahatlygy dikeltjekdigine umyt edýäris (Matta 10:7).

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin roždestwony bellemeýär?

  •   Isa pygamber doglan gününi däl-de, ölen gününi bellemegi tabşyrdy (Luka 22:19, 20).

  •   Isanyň resullaram, I asyrdaky şägirtlerem roždestwony bellemeýärdiler. Bir kitapda «Roždestwonyň b. e 243-nji ýylynda, ýagny Isanyň şägirtleriniň iň soňkusynyň ölüminden I asyrdan gowrak wagt geçensoň bellenip başlandygy» aýdylýar («The New Catholic Encyclopedia»).

  •   Isa pygamberiň 25-nji dekabrda doglandygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok. Mukaddes Kitapda onuň haçan doglandygy aýdylmaýar.

  •   Biz roždestwoda edilýän däp-dessurlaryň we adatlaryň butparazlykdan gelip çykandygy üçin ony bellemegiň Hudaýa ýaramaýandygyny bilýäris (2 Korinfliler 6:17).

Roždestwony bellemelimi ýa bellemeli däl — bu näme üçin wajyp?

 Köp adamlar butparazlykdan gelip çykandygyny we Mukaddes Kitaba esaslanmaýandygyny bilse-de, roždestwony belleýärler. Adamlar şeýle soraglary berýärler: Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin şeýle giňden ýaýran baýramçylygy bellemeýärler? Onuň gelip çykyşyna üns bermek wajypmy?

 Mukaddes Kitap «akyl-paýhasly bolup», dogry karara gelmäge höweslendirýär (Rimliler 12:1, 2). Ol bize gymmatly hakykaty öwredýär (Ýahýa 4:23, 24). Elbetde, adamlaryň biz hakda näme pikir edýändigi wajyp. Ýöne olar halamasa-da, biz Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşaýarys.

 Biz roždestwony bellemeýäris. Ýöne bu meselede her bir adamyň özüniň karara gelýändigi üçin, olaryň garaýşyna hormat goýýarys. Şeýle-de biz olaryň bu baýramçylygy bellemegine päsgel bermeýäris.