Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin haça çokunmaýar?

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin haça çokunmaýar?

 Adamlaryň köpüsi haçy hristian dininiň nyşany hasaplaýarlar. Ýehowanyň Şaýatlary mesihçi bolsalar-da, haça çokunmaýarlar. Näme üçin?

 Aslynda, Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň haça däl-de, pürse çüýlenendigi aýdylýar. Şeýle-de Hudaýyň Sözünde: «Butparazlykdan gaçyň» diýip duýdurylýar (1 Korinfliler 10:14; 1 Ýahýa 5:21). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary haça çokunmaýarlar.

 Galyberse-de, Isa pygamber: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:34, 35). Bu sözler onuň yzyna eýerýänleriň haça çokunýandygy bilen däl-de, bir-birine bildirýän janaýamaz söýgüsi bilen tanalmalydygyny görkezýär.