Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapdaky sanlar nämäni aňladýar? Numerologiýa Mukaddes Kitaba gabat gelýärmi?

Mukaddes Kitapdaky sanlar nämäni aňladýar? Numerologiýa Mukaddes Kitaba gabat gelýärmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapdaky sanlara köplenç göni manyda, käte bolsa göçme manyda düşünmeli. Olaryň göni ýa-da göçme manydadygyna düşünmek üçin, adatça, kontekstini göz öňünde tutmaly bolýar. Geliň, Mukaddes Kitapdaky göçme manyda ulanylýan käbir sanlara seredeliň:

  •   Bir. Agzybirlik. Meselem, Isa pygamber şägirtleri hakda Hudaýa doga edende, şeýle diýdi: «Seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen birlikde bolşum ýaly, olaryň ählisi-de birlikde bolarlar» (Ýahýa 17:21; Matta 19:6).

  •   Iki. Höküm bilen bagly meseleler iki şaýadyň kömegi bilen tassyklanylýardy (5 Musa 17:6). Şeýle-de görnüş gaýtalansa, bu onuň hakykatdygyny we şübhesizdigini görkezýärdi. Meselem, Ýusup faraonyň düýşüni ýoranda: «Faraonyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini... aňladýar» diýdi (1 Musa 41:32). Danyýar pygamberiň Madaý (Midiýa) we Pars patyşalygy barada gören görnüşindäki «iki şah» olaryň ikisiniň birbada höküm sürjekdigini aňladan bolmaly (Danyýar 8:20, 21; Ylham 13:11).

  •   Üç. Haýsy-da bolsa bir zat üç şaýat tarapyndan tassyklanylsa, bu onuň şübhesizdigine güwä geçýärdi. Şonuň ýaly hem haýsy-da bolsa bir zat üç gezek gaýtalansa, onuň berkdigini ýa-da nygtalýandygyny görkezýärdi (Hyzkyl 21:27; Resullar 10:9—16; Ylham 4:8; 8:13).

  •   Dört. Bu san bir zadyň ýa-da hereketiň dolulygyny görkezýär. Meselem: «ýeriň dört burçy» (Ylham 7:1; 21:16; Işaýa 11:12).

  •   Alty. Haýsy-da bolsa bir zadyň gutarnyklydygyny görkezýän ýediden bir san kem bolan altylyk bikämilligi, doly bolmazlygy we Hudaýyň duşmanlary bilen bagly zady aňladýar (1 Taryh 20:6; Danyýar 3:1; Ylham 13:18).

  •   Ýedi. Adatça, bu san gutarnyklylygy ýa-da dolulygy aňladýar. Meselem, Hudaý ysraýyllylara Ýeriho galasynyň daşyndan ýedi gün aýlanmagy, ýedinji gün bolsa ýedi gezek aýlanmagy tabşyrdy (Ýuşa 6:15). Mukaddes Kitapda ýedilik sanyň şeýle ulanylýandygyna köp duş gelse bolýar (3 Musa 4:6; 25:8; 26:18; Zebur 119:164; Ylham 1:20; 13:1; 17:10). Isa pygamber Petrus resula doganyny «ýedi gezek däl, 77 gezek» bagyşlamalydygyny aýdypdy. Bu aýatdaky ýedi sanyň gaýtalanmagy geçirimliligiň çäginiň bolmaly däldigini görkezýärdi (Matta 18:21, 22).

  •   On. Bu san bir zadyň doly ölçegini we jemini aňladýar (2 Musa 34:28; Luka 19:13; Ylham 2:10).

  •   On iki. Bu san Hudaýyň gurnan tertip-düzgünini aňladýar. Meselem, Ýahýa resula berlen görnüşde gökde bir şäher görünýär. Ol «şäheriň diwarynyň düýbünde 12 sany daş bardy. Olarda... 12 resulyň atlary ýazylgydy» (Ylham 21:14; 1 Musa 49:28). 12 sanyň haýsy-da bolsa bir sana köpeldilmegi hem şoňa meňzeş manyny aňladyp biler (Ylham 4:4; 7:4—8).

  •   Kyrk. Bu san höküm edilmek ýa-da temmi berilmegiň möhleti bilen bagly ulanylýar (1 Musa 7:4; Hyzkyl 29:11, 12).

Numerologiýa

 Mukaddes Kitapdaky sanlaryň göçme manyda ulanylmagynyň numerologiýa bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Sebäbi sanlardan many gözlemek we olary sazlaşdyryp düzmek jadyly tilsim hasaplanýar. Meselem, ýehudy kabalistleri (Mukaddes Kitapda syrly manynyň bardygyna ynanýanlar) gematriýa (haýsydyr bir sana gabat gelýän sany we şol sanlardan bir gizlin syry gözlemek usuly) arkaly Mukaddes Kitapdaky harplary we sanlary düşündirýärdiler. Numerologiýa — bu palçylygyň bir görnüşi bolandygy üçin, Hudaý ony ýazgarýar (5 Musa 18:10—12).