Esasy materiala geçiň

Kabyl kime öýlendi?

Kabyl kime öýlendi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogly Kabyl öz aýal doganyna ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň birine öýlenipdir. Muny Mukaddes Kitapdaky Kabyl we onuň maşgalasy barada gürrüň berilýän wakalardan bilse bolýar.

Kabyl we onuň maşgalasy baradaky deliller

  •   Ähli adamlar Adam ata bilen How enäniň nesilleri. Hudaý «bir adam (Adam ata) arkaly ähli milletleri döretdi we olary bütin ýer ýüzünde ýaşar ýaly etdi» (Resullar 17:26). Adam atanyň aýaly How ene «ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy» (1 Musa 3:20). Diýmek, Kabyl Adam ata bilen How enäniň çagalarynyň birine öýlenipdir.

  •   Kabyl we onuň dogany Habyl How enäniň ilkinji çagalarydy (1 Musa 4:1, 2). Kabyl doganyny öldüreni üçin «mes toprakly ýerden» kowlanda, ol Hudaýa: «Maňa duşan, meni öldürer» diýdi (1 Musa 4:14). Kabyl kimden gorkýardy? Mukaddes Kitapda Adam atadan «ençeme ogul-gyzyň dünýä inendigi» barada aýdylýar (1 Musa 5:4). Görşümiz ýaly, Adam ata bilen How enäniň beýleki nesilleri Kabyla zyýan ýetirip bilerdi.

  •   Irki döwürde dogan-garyndaşyň bilen durmuş gurmak adaty zatdy. Meselem, Ybraýym pygamber atabir enebaşga aýal doganyna öýlenipdi (1 Musa 20:12). Kabylyň döwründen ençeme ýyl geçenden soň, ilkinji gezek Musanyň kanunynda ýakyn dogan-garyndaşyň bilen durmuş gurmak gadagan edildi (3 Musa 18:9, 12, 13). Gadymy döwürde ýakyn garyndaşy bilen maşgala guran adamlardan bolan çagalar häzirki ýaly känbir ýarawsyz dogulmaýan bolmaly.

  •   Mukaddes Kitapda Adam ata, How ene we olaryň maşgalasy baradaky wakalar hakyky taryhy waka hökmünde ýazylan. Adam atanyň nesil şejeresi baradaky jikme-jik maglumatlary diňe bir Musa pygamber 1 Musa kitabynda ýazman, eýsem, bu barada Hydyr we Luka ýaly taryhçylar hem ýazypdyr (1 Musa 5:3—5; 1 Taryh 1:1—4; Luka 3:38). Mukaddes Kitabyň başga kitaplarynda Kabylyň, hakykatdan-da, ýaşandygy agzalýar (Ýewreýler 11:4; 1 Ýahýa 3:12; Ýahuda 11).