Esasy materiala geçiň

Näme üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli?

Näme üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hudaýa ýakynlaşmak üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli. Sebäbi bu Hudaýy razy etmegiň ýeke-täk ýoly. Isa: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn. Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6). Şeýle-de ol wepaly şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, meniň adym bilen Atamdan näme sorasaňyz, ol size berer» diýdi (Ýahýa 16:23).

Isanyň ady arkaly dileg etmegiň sebäpleri:

  •   Biz Isa we Atasy Ýehowa Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezýäris (Filipililer 2:9—11).

  •   Hudaýyň ogly Isany biziň halas bolmagymyz üçin gurban berendigini gymmat saýýarys (Matta 20:28; Resullar 4:12).

  •   Biz Isany Hudaý bilen adamlaryň arasyndaky Töwellaçy hökmünde kabul edýäris (Ýewreýler 7:25).

  •   Baş Ruhany hökmünde Hudaýyň göwnünden turmaga kömek edýändigi üçin Isa hormat goýýarys (Ýewreýler 4:14—16).