Esasy materiala geçiň

Hudaý ýöne bir güýçmi?

Hudaý ýöne bir güýçmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hudaý Älemde deňsiz-taýsyz güýje eýe. Onuň ýaradan milliardlarça ýyldyzlary barada Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Gözleriňizi göge tarap galdyryň, bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär» (Işaýa 40:25, 26).

 Ýöne Hudaý diňe bir ägirt uly güýje eýe bolmak bilen çäklenmeýär. Mukaddes Kitapda onuň duýgularynyň bardygy, ýagny söýüp we ýigrenip bilýändigi aýdylýar (Zebur 11:5; Ýahýa 3:16). Bu bolsa adamlaryň edýän işleriniň Hudaýa täsir edýändigini görkezýär (Zebur 78:40, 41).