Esasy materiala geçiň

Hudaý dileg etsem kömek edermi?

Hudaý dileg etsem kömek edermi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Elbetde, Hudaý öz islegine laýyk gelýän zatlar barada ýürekden doga edýän adamlara kömek edýär. Hatda öň dileg etmeýänem bolsaňyz, Mukaddes Kitapdaky Hudaýdan kömek soran adamlaryň göreldesi sizi höweslendirip biler. Meselem:

  •   «Ýa Reb, Hudaýym, maňa ýardam et, merhemetiňe laýyklykda meni gutar» (Zebur 109:26).

  •   «Men garyp we mätäç;.. Eý Hudaýym, ýetiş!» (Zebur 40:17).

 Dogrudanam, bu sözleri ýazan adamlar Hudaýa güýçli iman edýärdi. Ýöne Hudaý dogry garaýşyny saklaýan ähli «göwni synyk» we «ruhy ökünçli» adamlaryň dogasyny diňleýär (Zebur 34:18).

 Siz Hudaý adamlardan uzakda we olaryň çekýän kynçylyklary barada alada etmeýändir öýtmäň. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Reb belent hem bolsa, pes göwünlilere nazar salýandyr, tekepbirleri bolsa uzakdan tanaýandyr» (Zebur 138:6). Bir gezek Isa şägirtlerine: «Siziň bolsa başyňyzdaky saçyňyzam sanalgydyr» diýdi (Matta 10:30). Hudaý siziň hatda üns bermeýän ujypsyzja aýratynlyklaryňyz bilen hem gyzyklanýar. Şol sebäpli gaýgy-aladalaryňyz barada doga etseňiz, Ol sizi hökman diňlär (1 Petrus 5:7).