Esasy materiala geçiň

Durmuşymyň manysy ýok. Din, Hudaý ýa-da Mukaddes Kitap maňa kömek edermi?

Durmuşymyň manysy ýok. Din, Hudaý ýa-da Mukaddes Kitap maňa kömek edermi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa. Mukaddes Kitap paýhasly maslahatlary berýän gadymy kitap. Ol ýüze çykýan wajyp soraglarymyza jogap berýär we durmuşymyzy manyly etmäge kömek edýär. Geliň, käbir soraglara Mukaddes Kitabyň berýän jogabyna seredeliň:

  1.   Ýaradyjy barmy? Mukaddes Kitapda «ähli zady» Hudaýyň ýaradandygy aýdylýar (Ylham 4:11). Ýaradyjy hökmünde Hudaý size nämäniň gerekdigini we durmuşdan nädip kanagat tapmalydygyňyzy bilýär.

  2.   Hudaý aladamyzy edýärmi? Adamlar Hudaýy özlerinden uzakda hasaplaýarlar. Aslynda, Mukaddes Kitapda: «Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir» diýilýär (Resullar 17:27). Hudaý siziň bilen içgin gyzyklanýar we üstünlik gazanmaga kömek etmek isleýär (Işaýa 48:17, 18; 1 Petrus 5:7).

  3.   Hudaýy tanamak durmuşyňy nädip manyly edýär? Hudaý ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrar ýaly edip ýaratdy. Şol sebäpli bizde durmuşyň manysyna düşünmäge bolan dogabitdi isleg bar (Matta 5:3). Bu Ýaradajyny tanamagy we Onuň bilen dostlaşmagy öz içine alýar. Hudaý özi bilen dostlaşmak üçin eden tagallaňyzy gymmat saýar. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8).

 Millionlarça adamlar Hudaý bilen dostlaşmagyň bagtly we durmuşyňy manyly edýändigine göz ýetirdiler. Elbetde, Hudaý baradaky bilim kynçylyklaryňyzy aýyrmaz, ýöne Mukaddes Kitapdaky paýhasly maslahatlar şu ýagdaýlarda kömek eder:

 Köp dinlerde adamlar Mukaddes Kitaby okasalar-da, ondaky görkezmelere eýermeýär. Emma hakykat ýolunda ýöräp, Mukaddes Kitabyň talaplary boýunça ýaşaýan adamlar size Hudaýy tanamaga kömek eder.