Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çepde: Yasser Qudaih/Anadolu via Getty Images; sagda: RONALDO SCHEMIDT/AFP via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Uruşlaryň bolmajak wagty bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Uruşlaryň bolmajak wagty bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2024-nji ýylyň 13-nji aprelinde Eýran Ysraýyla hüjüm etdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş şeýle diýdi: «Häzir özüňi ele almagyň tüýs wagty. Häzir dünýäde döreýän dartgynly ýagdaýlary azaltmagyň tüýs wagty».

 Ýakyn Gündogarda bolýan uruşlar bütin dünýäde bolýan uruşlaryň diňe bir bölegi.

 «Ikinji jahan urşundan bäri ýer ýüzünde bolýan uruşlaryň sany iň ýokary derejä ýetdi. Şeýle ýagdaý 2 milliard adama, ýagny ýer ýüzüniň ilatynyň dörtden bir bölegine erbet täsirini ýetirýär» (BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, 26-njy ýanwar, 2023).

 Harby çaknyşyklar Ysraýyl, Gaza, Siriýa, Azerbeýjan, Ukraina, Sudan, Efiopiýa, Niger, Mýanma, Gaiti ýaly ýurtlarda dowam edýär a.

 Uruşlaryň bolmajak wagty bolarmy? Hökümet ýolbaşçylary bütin dünýäde parahatlygy dikeldip bilermi? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Dünýädäki uruşlar

 Bütin dünýäde harby çaknyşyklaryň köpelmegi tizden uruşlaryň bolmajakdygyny görkezýär. Bu barada Mukaddes Kitapda pygamberlik edilipdi. Ol ýerde biziň günlerimize «dünýäniň soňy» diýilýär (Matta 24:3).

  •    «Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz... Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:6, 7).

 Biziň günlerimizde bolýan uruşlar barada Mukaddes Kitapda nähili pygamberlikleriň bardygyny bilmek üçin «„Dünýäniň soňunda“ nämeler bolar?» diýen makalany okap bilersiňiz.

Uruşlaryň soňuna çykjak söweş

 Mukaddes Kitapda tizden uruşlaryň soňunyň geljekdigi barada aýdylýar. Ýöne bu haçan bolar? «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde», ýagny Armageddon söweşinde bolar (Ylham 16:14, 16). Şondan soň Hudaý wadasyny berjaý edip, ähli adamlary asuda, rahat durmuşda ýaşadar (Zebur 37:10, 11, 29).

 Hudaýyň uruşlaryň soňuna çykjakdygy barada köpräk bilmek üçin «Armageddon söweşi näme?» diýen makalany okap bilersiňiz.

a ACLED Conflict Index, “Ranking violent conflict levels across the world,” January 2024