Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Harby uçarlar we ulaglar: Anton Petrus/Moment via Getty Images; pullar: Wara1982/iStock via Getty Images Plus

OÝA BOLUŇ!

Uruşlara ummasyz köp pul harçlanýar. Ýene nähili zyýan ýetirýär?

Uruşlara ummasyz köp pul harçlanýar. Ýene nähili zyýan ýetirýär?

 Uruşlara ummasyz köp pul harçlanýar.

  •    «Geçen ýyl bütin dünýäde uruşlara 2,2 trillion amerikan dollary harçlandy. Öň uruşlar üçin hiç haçan şunça pul harçlanmandy» («The Washington Post» gazeti, 13-nji fewral, 2024).

 Uruşlarda diňe bir köp pul gitmän, başga-da köp zyýany bar. Ukrainadaky uruş hakda oýlanyp görüň.

  •    Esgerler. Käbir maglumatlara görä, uruş başlaly bäri, iki ýylyň dowamynda 500 müňe golaý esger öldi ýa-da ýaralandy.

  •    Raýatlar. BMG-niň habar bermegine görä, 28 müňden gowrak adam öldi ýa-da ýaralandy. Bir syýasatçy şeýle diýýär: «Şu uruş adamzat durmuşyna şeýle bir awy gatdy welin, hatda söz bilenem beýan edip bolmaýar» a.

 Bütin dünýäde adamlar uruşlar we syýasy dawalar sebäpli ejir çekýärler.

  •    114 million adam 2023-nji ýylyň sentýabryna çenli bütin dünýäde uruşlar we zorluk-sütem sebäpli öýüni taşlap gitdi.

  •    783 million adam açlykdan kösenýär. «Syýasy dawalar açlygyň esasy sebäbi bolup durýar. Bütin dünýäde açlykdan kösenýän adamlaryň 70 göterimi uruş we zorluk-sütem bolýan ýurtlarda ýaşaýar» («World Food Programme» guramasy).

 Haçanam bolsa bir gün uruşlaryň soňy gelermi? Asuda, parahat durmuşda ýaşarysmy? Açlykdan kösenmejek döwrümiz gelermi? Adamlar bolelin ýaşarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Uruş döwri

 Mukaddes Kitapda bütin ýer ýüzünde bolýan uruşlar göçme manyda dor atyň üstünde oturan birine meňzedilýär.

  •    «Şonda men başga bir dor aty gördüm. Adamlaryň bir-birini gyrmagy üçin atyň üstünde oturana ýer ýüzünden parahatlygy aýyrmak ygtyýary we uly gylyç berildi» (Ylham 6:4).

 Göçme manydaky atlynyň yzyndan ýene-de iki atly gelýär. Olar açlygy we keselçilik ýa-da başga betbagtçylyk sebäpli bolýan ölüm-ýitimi aňladýar (Ylham 6:5—8). Mukaddes Kitabyň şu pygamberligi we onuň biziň günlerimizde ýerine ýetýändigi hakda köpräk bilmek üçin «Dört atly nämäni aňladýar?» diýen makalany okaň.

Parahat gelejek

 Tizden tebigy baýlyklar uruş üçin ulanylmaz. Emma muny ynsan güýji bilen edip bolmaz. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

  •    Allatagala «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadar» (Zebur 46:9).

  •    Allatagala urşuň ýetiren ähli zyýanyny aýrar. «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylham 21:4).

  •    Hudaý her bir adamy parahat durmuşda ýaşadar. «Halkym parahat ýurtda ýaşar, howpsuz we asuda ýurtda ömür sürer» (Işaýa 32:18).

 Mukaddes Kitabyň pygamberligine görä, şu günler bolýan uruşlar we başga-da wakalar parahat durmuşyň bosagasynda durandygymyzy görkezýär.

 Allatagala bizi asuda durmuşa nädip ýetirer? Ol gökdäki Patyşalygy arkaly parahat durmuşy berer (Matta 6:10). Bu Patyşalyk barada köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen gysgajyk wideony görüň.

a BMG-niň baş sekretarynyň Ýewropa boýunça kömekçisi Miroslaw Ýenka, 6-njy dekabr, 2023.