Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isanyň töleg gurbanynyň peýdasy

Isanyň töleg gurbanynyň peýdasy

 Her ýyl Ýehowanyň Şaýatlary bilen millionlarça adamlar Isa pygamberiň tabşyrygyna eýerip, Ýatlama agşamyny belleýärler (Luka 22:19). Duşuşyk Isanyň töleg gurbanynyň adamlar üçin örän wajypdygyna düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de ol ýerde töleg gurbanynyň bize häzir hem-de gelejekde berýän peýdasy barada bilýäris (Ýahýa 3:16).

 Eger siz Ýatlama agşamyna gatnaşyp bilmedik bolsaňyz hem, Isanyň töleg gurbanyna nädip minnetdarlygyňyzy görkezip bilersiňiz? Isa pygamber iki wajyp zady etmelidigini aýtdy:

  1.  1. Hudaý bilen Isa barada öwrenmeli. Isa gökdäki Atasyna doga edende şeýle diýdi: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly» (Ýahýa 17:3).

  2.  2. Öwrenen zatlaryň boýunça ýaşamaly. Isa öwredýän zatlaryny durmuşda ulanmagyň wajypdygyny aýtdy. Meselem, Isa Dagdaky wagzynda «sözlerini diňleýän we berjaý edýän» adamlary öwdi (Luka 6:46—48). Şeýle-de ol: «Siz muňa düşünip, ýerine ýetirseňiz, bagtly bolarsyňyz» diýdi (Ýahýa 13:17).

 Siz Hudaý bilen Isa barada köpräk bilmek isleýärsiňizmi? Öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda nädip ulanyp bilersiňiz? Şu zatlar size kömek eder.

Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik

 Köp adamlar Mukaddes Kitapdan söhbetdeşlik geçip, öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýarlar.

  •   «Mukaddes Kitapdan söhbetdeşligiň geçirilişi» diýen bölümden okuwyň nädip geçirilýändigi barada has köpräk bilersiňiz.

  •   Ýehowanyň Şaýatlarynyň nädip okuw geçýändigini bilmek üçin «Siz Mukaddes Kitap okuwyna başladyňyz!» diýen wideony görüp bilersiňiz.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklary

 Ýehowanyň Şaýatlary hepdede iki gezek Ýygnak jaýynda duşuşyklary geçirýärler. Biz ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Kitaby öwrenip, bilen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmagy öwrenýäris.

 Ýygnak duşuşyklaryna ähli adamlar gatnaşyp bilýär. Ýaşaýan ýeriňize görä, ýygnaklara ýüzbe-ýüz ýa-da wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp bilersiňiz.

  •   Ýygnak duşuşyklarynyň nädip geçirilýändigini bilmek üçin «Ýygnak jaýynda näme edilýär?» diýen wideony görüp bilersiňiz.

Internet makalalary we wideolar

 Şu web-saýtdaky köp makalalar bilen wideolar size Isanyň öwreden zatlary barada köpräk bilmäge we töleg gurbanyny gymmat saýmaga kömek eder.

 Meselem, bir adamyň ölüminiň millionlarça adama peýda berýändigi barada «Isa pygamber näme üçin öldi?» we «Isa nädip halas edýär?» atly makalalardan okap bilersiňiz. Şeýle-de «Isa pygamber näme üçin öldi?» diýen wideony görüp bilersiňiz.