Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

AspctStyle/stock.adobe.com

ÝATLAMA AGŞAMY ÜÇIN KAMPANIÝA

Isa pygamber uruşlary ýok eder

Isa pygamber uruşlary ýok eder

 Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda adamlary ýürekden söýýändigini görkezdi, hatda olar üçin şirin janyny berdi (Matta 20:28; Ýahýa 15:13). Şeýle-de ol tizden Hudaýyň bellän Patyşasy hökmünde «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadyp», adamlary söýýändigini görkezer (Zebur 46:9).

 Isa pygamberiň etjek işleri hakda Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

  •   «Ol perýat edýän garyby, hossarsyz mätäji halas eder. Garyp-gasara rehim eder, mätäjiň janyny halas eder. Olary zorluk-sütemden gutarar» (Zebur 72:12—14).

 Biz Isa pygamberiň eden we etjek işleri üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Luka 22:19-da Isa pygamber şägirtlerine ölümini ýatlamagy tabşyrdy. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary her ýyl bilelikde Isa pygamberiň ölümini ýatlaýarlar. Biz sizi 2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni Isa pygamberiň ölüminiň Ýatlama agşamyna çagyrýarys.

Ýatlama agşamynyň geçiriljek ýerini biliň