Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

E+/taseffski/via Getty Images (Stock photo. Posed by model.)

OÝA BOLUŇ!

Göwnüçökgünlige düşýän ýetginjekleriň sany köpelýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Göwnüçökgünlige düşýän ýetginjekleriň sany köpelýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 13-ne ABŞ-nyň «Keseli anyklaýyş we öňüni alyş merkezi» göwnüçökgünlige düşýän ýetginjekleriň sanynyň hasam köpelýändigini habar berdi. Ýokary synpda okaýanlaryň 40 göterimden gowragynyň köplenç keýpsizdigi, ýaşaýşa höwesiniň ýokdugy anyklandy.

 «Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy goraýyş» bölüminiň müdiri Ketlin Ether şeýle diýdi: «Soňky on ýylyň içinde göwnüçökgünlige düşýän oglanlar hasam köpeldi. Durmuşdan doýup janyna kast etjek bolýan ýa-da şol hakda pikir edýän gyzlaryň sany bolsa görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi».

 Hasabat:

  •    Maglumatlara görä, ýetginjek gyzlaryň ondan birini (14 göterimi) islemese-de, jynsy gatnaşyk etmäge mejburlaýarlar. Bu barada lukman Ketlin Ether şeýle diýýär: «Gyzlaryň ondan birini, hatda ondanam köpüsini zorlaýarlar».

  •    Gyzjagazylaryň üçden biri (30 göterimi) öz janyna kast etjek bolýar.

  •    Her bäş gyzyň üçüsi (57 göterimi) uzak wagtlap göwnüçökgünlikden ejir çekýär, ýaşasy gelmeýär.

 Barlaglaryň netijesi gaty gynandyrýar. Ýaşlyk ýyllary durmuşyň iň şatlykly hem bagtly döwri bolmaly. Ýöne ýaşlar göwnüçökgünlikden ejir çekýär. Olara näme kömek eder? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapdaky maslahatlar ýaşlara kömek edýär

 Mukaddes Kitapda biziň «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1—5). Ýöne Mukaddes Kitapda hemişe peýda berýän maslahatlar bar. Olar bütin dünýädäki millionlarça ýetginjeklere erbet duýgular bilen göreşmäge, kynçylyklaryna döz gelmäge kömek edýär.

 Janyna kast etmek isleýän ýaşlara kömek etjek makalalar

 Erbet duýgular, göwnüçökgünlik bilen göreşýänler üçin makalalar we wideo

 Deň-duşlaryň azar berende kömek etjek makalalar

 Ahlaksyzlyk etdirjek bolanlarynda kömek etjek makalalar

Mukaddes Kitapdaky maslahatlar ene-atalara kömek edýär

 Mukaddes Kitapda ýetginjek çagalaryna kömek etmek üçin ene-atalara köp maslahatlar berilýär. Aşakdaky makalalary okap görüň.