Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Alisa

Olar Türkiýede höwes bilen gulluk edýärler

Olar Türkiýede höwes bilen gulluk edýärler

I ASYRDA ýaşan mesihçiler «Patyşalyk baradaky hoş habary» adamlara wagyz etmek üçin köp tagalla etdiler (Mat. 24:14). Olar hoş habary adamlara ýetirmek üçin, hatda başga ýurtlara-da gitdiler. Meselem, Pawlus resul häzirki Türkiýäniň ýerleşýän ýerine gidip, missioner gullugynyň köp bölegini şol ýerde wagyz edip geçirdi *. Takmynan 2 müň ýyl geçensoň, ýagny 2014-nji ýylda Türkiýede ýene-de wagyz üçin kampaniýa geçirildi. Bu kampaniýa näme üçin gurnaldy we oňa kimler gatnaşdy?

«BU ÝERDE NÄME BOLÝAR?»

Türkiýede 2 müň 800-den gowrak wagyzçy bar, ilat sany bolsa 79 million töweregi. Ol ýerde bir wagyzça 28 müň adamdan düşýär. Wagyzçylaryň sanynyň az bolandygy üçin, ýurtda hoş habary eşitmedik adamlar örän köp. Emma geçirilen ýörite kampaniýa arkaly az wagtyň içinde köp adamlar hoş habary eşitdiler. Ýörite kampaniýa gatnaşmaga we ýerli wagyzçylar bilen wagyz etmäge daşary ýurtdan takmynan 550 sany türk dilinde gepleýän dogan-uýalar geldi. Bu nähili netije getirdi?

Köp adamlara wagyz edildi. Stambuldaky bir ýygnagyň dogan-uýalary şeýle ýazdylar: «Adamlar bizi görenlerinde, „Bu ýerde ýörite kongres geçirilýärmi? Biz hemme ýerde Ýehowanyň Şaýatlaryny görýäris!“ diýýärdiler». Izmir şäherindäki ýygnagyň agzalary bolsa şeýle ýazdy: «Sürüji bolup işleýän bir adam ýygnak ýaşulusynyň ýanyna gelip, „Bu ýerde näme bolýar? Siz öňküdenem köp wagyz edip başlapsyňyz öýdýän“ diýdi». Hawa, kampaniýa köp adamlaryň ünsüni özüne çekdi.

Steffan

Daşary ýurtdan gelen dogan-uýalar wagyz işine gatnaşyp, köp şatlyk tapdylar. Daniýadan gelen Steffan doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Men her gün Ýehowa hakda asla eşidip görmedik adamlara wagyz edýärdim. Şonuň üçin özümi, hakykatdan-da, Ýehowanyň adyny tanadýan ýaly duýdum». Fransiýadan gelen Jeýn-Deýwid dogan bolsa şeýle diýýär: «Biz bary-ýogy ýekeje köçede ençeme sagatlap wagyz etdik. Bu diýseň ýakymlydy! Köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny tanamaýardy. Baran gapymyzyň hemmesinde diýen ýaly, adamlar bilen gürrüňdeş bolup, wideo görkezdik we edebiýat paýladyk».

Jeýn-Deýwid (ortada)

Göz öňüne getiriň, 550 sany wagyzçy bary-ýogy iki hepdäniň içinde 60 müňden gowrak edebiýat paýlady! Kampaniýa, hakykatdanam, netijeli boldy!

Dogan-uýalaryň yhlasy gitdigiçe artýardy. Geçirilen kampaniýa ýerli dogan-uýalara-da güýçli täsir etdi. Olaryň aglabasy köpräk wagyz etmek barada pikirlenip başladylar. 12 aýlap geçirilen kampaniýanyň dowamynda Türkiýedäki pionerleriň sany 24 göterim artdy.

Şirin

Daşary ýurtdan gelen dogan-uýalar geçirilen kampaniýanyň hatda öýüne dolanandan soň hem, wagyz gullugyna güýçli täsir edendigini gürrüň berýärler. Meselem, germaniýaly Şirin atly uýa şeýle ýazdy: «Türkiýedäki doganlar her mümkinçilikden peýdalanyp, aňsatlyk bilen gürrüňe başlaýardylar. Men bolsa gürrüňe başlamaga çekinýärdim. Emma geçirilen ýörite kampaniýanyň, ýerli dogan-uýalaryň we eden dogalarymyň kömegi bilen men muny başardym. Hatda metroda-da wagyz edip, kitapça paýlap bildim! Indi men öňki ýaly ýaýdanmaýaryn».

Ýohanes

Şol ýurtdan gelen Ýohanes doganymyz bolsa şeýle gürrüň berdi: «Men wagyz gullugy babatda özüme birnäçe sapak edindim. Türkiýede ýaşaýan doganlar, mümkin boldugyndan, köp adamlar bilen hakykaty paýlaşmak isleýärdiler. Munuň üçin olar her mümkinçilikden peýdalanýardylar. Germaniýa dolananymdan soň, menem şeýle etmegi ýüregime düwdüm. Men häzir öňkümden has köp adamlara wagyz edýärin».

Zeýnep

«Kampaniýa meniň wagyz gullugyma güýçli täsir etdi. Ol maňa batyrgaý bolmagy we Ýehowa has köp bil baglamagy öwretdi» diýip, fransiýaly Zeýnep uýa gürrüň berýär.

Wagyzçylar biri-birine has-da ýakynlaşdylar. Dürli ýurtdan bolan dogan-uýalaryň arasyndaky söýgini we agzybirligi görmek diýseň haýran galdyrýar! Ýokarda agzalan Jeýn-Deýwid şeýle diýdi: «Biz hakyky myhmansöýerligi „dadyp gördük“. Doganlar bizi öz dostlary we maşgala agzalary hökmünde kabul etdiler. Gapylaryny giňden açyp garşyladylar. Men edebiýatlarymyzdan halkara doganlyk barada köp okapdym; indi ony öz gözüm bilen gördüm. Men Ýehowanyň halkynyň agzasydygyma diýseň buýsanýaryn we şeýle ajaýyp mümkinçiligi berendigi üçin Hudaýa örän minnetdar!»

Kler (ortada)

«Biz daniýaly, fransiýaly, germaniýaly ýa-da türkiýeli bolsak-da, barymyz bir maşgalanyň agzalarydyrys. Hamala, Hudaý milletleriň arasyndaky ähli araçägi ullakan bozguç bilen aýran ýalydy» diýip, fransiýaly Kler gürrüň berýär.

Stefani (ortada)

Fransiýadan gelen Stefani atly uýa bolsa: «Ýörite kampaniýa bize agzybirligiň medeniýetiňe ýa-da diliňe däl-de, Ýehowa bolan söýgimize baglydygyny ýatlatdy» diýdi.

KAMPANIÝANYŇ BEREN BAŞGA-DA PEÝDASY

Daşary ýurtdan gelen dogan-uýalaryň köpüsi Türkiýedäki alnyp barylýan ägirt uly işe goşant goşmak üçin, ol ýere göçmek barada oýlanyp başladylar. Olaryň birnäçesi eýýäm göçdi, ýerli dogan-uýalar bolsa muňa örän begendiler.

Meselem, Türkiýäniň bir obasynda 25 wagyzçydan ybarat kiçijik topar bardy. Ençeme ýyllap ol ýerde ýekeje ýaşuly gulluk edýärdi. 2015-nji ýylda olary goldamak üçin Germaniýadan we Niderlandiýadan 6 wagyzçy gelende, dogan-uýalar, gör, nähili begenendir!

WAGYZÇYLARYŇ ÝETMEÝÄN ÝERINDE GULLUK ETMEK

Wagyz etmek üçin Türkiýä göçen dogan-uýalar näme gürrüň berýärler? Dürli kynçylyklara uçrasalar-da, gullugyň berýän berekedi olara köp şatlyk getirýär. Geliň, käbir wagyzçylaryň bu barada näme diýýändigine seredeliň.

Federiko

Ispaniýadan göçüp baran 40 ýaşlaryndaky maşgalaly doganymyz Federiko şeýle gürrüň berýär: «Emlägimiň az bolmagy maňa özümi erkin duýmaga we ünsümi iň wajyp zatlara gönükdirmäge kömek edýär». Ol şeýle gullugy başgalara-da maslahat berýärmi? Federiko: «Hawa, maslahat berýärin! Eger siz adamlara Ýehowa hakda gürrüň bermek üçin daşary ýurda göçseňiz, özüňizi Onuň eline tabşyrarsyňyz. Şonda Ýehowanyň alada edişini öňküdenem has köp duýarsyňyz» diýip jogap berýär.

Rudi

60 ýaşlaryna golaýlan Niderlandiýadan göçüp gelen maşgalaly doganymyz Rudi şeýle gürrüň berýär: «Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek diýseň ýakymly! Sebäbi sen hakykaty hiç haçan eşidip görmedik adamlara gürrüň berýärsiň. Olaryň hakykaty kabul edişini göreniňde bolsa, begenjiň çägi bolmaýar».

Saşa

40 ýaşlaryndaky Germaniýadan göçüp gelen maşgalaly doganymyz Saşa bolsa şeýle diýýär: «Men her gezek wagyz edenimde, hakykaty ilkinji sapar eşidýän adamlar bilen gürrüňdeş bolýaryn. Şeýle adamlara Ýehowa hakda gürrüň bermek diýseň şatlykly».

Atsuko

35 ýaşlaryndaky Ýaponiýadan göçüp gelen Atsuko atly maşgalaly uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Men öň Armageddonyň çaltrak gelmegini isleýärdim. Türkiýä göçenimden bäri, Ýehowanyň sabyr edýändigine begenýärin. Ýehowanyň bütindünýä wagyz işini goldaýşyny görüp, Oňa has-da köp ýakynlaşmak isleýärin».

30 ýaşlaryndaky Russiýadan göçüp gelen Alisa uýamyz bolsa şeýle diýýär: «Gullugyň bu görnüşi maňa Ýehowanyň ýagşylygyny datmaga mümkinçilik berýär» (Zeb. 34:8). Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ýehowa diňe bir Atam bolman, eýsem, ol meniň ýakyn Dostum. Men häzir onuň kömegini, goldawyny we bereketlerini has-da köp duýýaryn. Meniň durmuşym bagtly pursatlardan, gyzykly wakalardan we bereketlerden doly!»

«EKIN MEÝDANLARYNA SEREDIŇ»

Türkiýede geçirilen ýörite kampaniýanyň kömegi bilen ençeme adamlar hoş habary eşitdiler. Emma şonda-da wagyz edilmedik ýerler köp. Daşary ýurtdan göçüp gelen dogan-uýalar wagyz edende, her gün Ýehowa barada öň eşidip görmedik adamlara duş gelýärler. Eýsem, siziň şeýle ýerde wagyz edesiňiz gelýärmi? Onda biz sizi: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar hasyl ýygymyna ýetişipdir» diýen sözleriň üstünde oýlanmaga çagyrýarys (Ýah. 4:35). Siz «hasyl ýygymyna ýetişen» meýdanlara kömek etmek isleýärmisiňiz? Onda häzirden gerekli ädimleri ätmegi maksat ediniň. Hoş habary «bütin ýer ýüzünde» wagyz etmegiň hiç zat bilen deňäp bolmajak bol bereketleri getirjekdigini hem unutmaň! (Res. iş. 1:8).

^ abzas 2 «Ajaýyp ýurda serediň» (rus.) broşýuranyň 32, 33-nji sahypalaryna serediň.