Esasy materiala geçiň

Men nädip Ýehowanyň Şaýady bolup bilerin?

Men nädip Ýehowanyň Şaýady bolup bilerin?

 Matta 28:19, 20-nji aýatlarda Isa Ýehowanyň Şaýady bolmak üçin nähili ädimleri ätmelidigini belläp geçdi. Bu aýatlarda Mesihiň şägirdi bolmak we Ýehowa barada şaýatlyk etmek isleýän adamyň näme etmelidigi aýdylýar.

 1-nji ädim: Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny öwrenmek. Isa şägirtlerine: «Ähli halklardan şägirt taýýarlaň... we öwrediň» diýdi (Matta 28:19, 20). «Şägirt» diýip terjime edilen söz göni manyda «bir zady öwrenýän» ýa-da «okuwçy» diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitapda gürrüň berilýän zatlar, esasan-da, Isa Mesihiň öwreden taglymatlary bagtly we manyly ýaşamaga kömek edýär (2 Timoteos 3:16, 17). Biz size mugtuna Mukaddes Kitap okuwy arkaly Ýazgylaryň taglymatlaryny höwes bilen öwretmäge hemişe taýýar (Matta 10:7, 8; 1 Selanikliler 2:13).

 2-nji ädim: Öwrenen zatlaryňy durmuşda ulanmak. Isa şägirdi bolmak isleýän adamlara «ähli tabşyran zatlaryny berjaý etmelidigini» aýtdy (Matta 28:20). Bu Mukaddes Kitaby ýöne bir öwrenmekden has köp zady aňladýar. Öwrenýän zatlarymyz pikirimizi we özümizi alyp barşymyzy düýpgöter özgertmäge höweslendirmeli (Resullar 10:42; Efesliler 4:22—29; Ýewreýler 10:24, 25). Isanyň tabşyryklaryny berjaý edýän adamlar onuň yzyna eýerip, özlerini Ýehowa Hudaýa bagyş etmek kararyna özbaşdak gelýärler (Matta 16:24).

 3-nji ädim: Suwa çümdürilmek. (Matta 28:19). Adam suwa çümdürilende, onuň bedeni doly suwa çümdürilip çykarylýar; ol hamala öňki durmuşy üçin ölüp, täze ýaşaýyş üçin gaýtadan direlen ýaly bolýar. Muny adamyň jaýlanyşy bilen deňeşdirse bolar (Rimliler 6:2—4). Siz suwa çümdürilip, Isanyň aýdan ilkinji iki ädimini ädendigiňizi we Hudaýdan arassa ynsap soraýandygyňyzy görkezýärsiňiz (Ýewreýler 9:14; 1 Petrus 3:21).

Men suwa çümdürilmäge taýyndygyma nädip göz ýetirip bilerin?

 Munuň üçin ýygnak ýaşululary bilen gepleşiň. Olar siziň Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna düşünip, olara eýerýändigiňize we özüňizi Hudaýa meýletin bagyş edýändigiňize göz ýetirerler (Resullar 20:28; 1 Petrus 5:1—3).

Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalary hem bu ädimleri ätmelimi?

 Hawa. Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi hem öwüt-ündewi bilen ulaltmaga» jan edýärler (Efesliler 6:4). Emma çagalar ulaldygyça, suwa çümdürilmezden öň, Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny öwrenip, olary durmuşynda ulanmalydygyny özleri çözmeli (Rimliler 12:2). Aslynda, Hudaýa sežde etmelimi ýa-da etmeli däldigini her kimiň özi çözýär (Rimliler 14:12; Galatýalylar 6:5).