Esasy materiala geçiň

Bütin dünýäde näçe sany Ýehowanyň Şaýady bar?

Bütin dünýäde näçe sany Ýehowanyň Şaýady bar?

2022-njy ýylyň hasabaty

Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany

8 699 048

Ýygnaklaryň sany

117 960

Wagyz edilýän ýurtlaryň we territoriýalaryň sany

239

2022-njy ýylyň iň ýokary sany

2022-njy ýylyň ähli ýurtlaryň we ýerleriň hasabaty

Kimleri guramaňyzyň agzasy hasaplaýarsyňyz?

 Biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary her aý yhlasly wagyz edýän mesihçileri Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde hasaba alýarys (Matta 24:14). Oňa suwa çümdürilen we wagyz işine gatnaşmak üçin talaba laýyk gelýän suwa çümdürilmedik wagyzçylar degişli.

Guramaňyzyň agzasy bolmak üçin pul sadakasyny bermelimi?

 Ýok. Ýehowanyň Şaýady bolmak, jogapkärli borjy almak ýa-da hormatly ýumşy ýerine ýetirmek üçin pul sadakasyny bermek talap edilmeýär (Resullar 8:18—20). Aslynda, sadakalary berýän adamlaryň ady aýdylmaýar. Her bir Şaýat bütindünýä wagyz işini goldamak üçin wagtyny, güýjüni we serişdesini islegine hem-de ýagdaýyna görä sarp edýär (2 Korinfliler 9:7).

Yhlasly wagyz edýänleriň sanyny nädip bilýärsiňiz?

 Ýehowanyň Şaýatlary näçe sagat wagyz edendigi barada gatnaýan ýygnagyna her aý hasabat tabşyrýarlar. Bu hasabatlar meýletin berilýär.

 Ýygnak berlen hasabatlary jemläp, ýerli filiala tabşyrýar. Her ýurduň ýa-da territoriýanyň filialy bolsa olary baş edaramyza iberýär.

 Gulluk ýylynyň a ahyrynda her ýurtda näçe Şaýadyň bardygynyň ýokary sany hasaba alynýar. Soňra olary jemläp, bütin dünýäde näçe sany Şaýadyň bardygy anyklanylýar. Her ýurduň jikme-jik hasabaty we wagyzda bolan wakalar barada «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýyllyk kitabynda» görkezilýär. Şeýle maglumatlar irki mesihçiler ýaly bizi-de örän ruhlandyrýar (Resullar 2:41; 4:4 ;15:3).

Guramanyň işlerini goldaýan, ýöne wagyz etmeýänleri guramaňyzyň agzasy hasaplaýarsyňyzmy?

 Biz şeýle adamlary hasabatda görkezmesek-de, olary ýygnak duşuşyklarymyza höwes bilen çagyrýarys. Olaryň köpüsi her ýyl Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyna gelýärler. Şol sebäpli oňa gelýän adamlar bilen ýygnak duşuşygyna gatnaşýanlaryň sany tapawutlanýar. 2022-nji ýylda geçirilen Ýatlama agşamyna 19 721 672 adam geldi.

 Biz ýygnak duşuşygyna gatnaşmaýan adamlaryň köpüsi bilen mugtuna Mukaddes Kitap okuwyny geçirýäris. 2022-nji ýylda her aý ortaça 5 666 996 adam bilen okuw geçirildi. Hatda bir wagtda birnäçe adam bilen sapak geçilýär.

Näme üçin hökümetiň Ýehowanyň Şaýatlary baradaky hasabaty siziň hasabatyňyzdan ýokary?

 Köplenç hökümet adamlaryň haýsy dini topara degişlidigini sorap hasaba alýar. Meselem, ABŞ-da ilat ýazuwy geçirilende, özüni belli bir diniň tarapdary hasaplaýan adamlar bellige alynýar. Şeýdip, adamyň edýän işine däl-de, aýdýan sözüne görä netije çykarylýar. Emma biz özüni Ýehowanyň Şaýady hasaplaýan adamlary däl-de, yhlasly wagyz edip, hasabat tabşyrýan mesihçileri hasaba alýarys.

a Gulluk ýyly 1-nji sentýabrdan 31-nji awgust aralygy öz içine alýar. Meselem, 2015-nji gulluk ýyly 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 2015-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli dowam edýär.