Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry gelýärmi?

Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry gelýärmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa, dogry gelýär. Mukaddes Kitap ylmy kitap bolmasa-da, onda ylmy taýdan anyk maglumatlar bar. Geliň, Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan dogrulygyny görkezýän käbir mysallara seredip, bu kitapdaky ylmy maglumatlaryň onuň ýazylan döwründäki adamlaryň ynanan zatlaryndan düýpgöter tapawutlanýandygy barada bileliň.

  •   Älem-jahanyň başlangyjy bar (1 Musa 1:1). Emma gadymy rowaýatlaryň köpüsinde Älem-jahan ýaradylman, eýýäm bar zatlardan kem-kemden tertibe girip, emele gelipdir diýip düşündirilýär. Wawilonlylar Älem-jahany iki sany okeandan çykan taňrylar dünýä inderipdir diýip ynanýan ekenler. Başga rowaýatlarda bolsa Älem-jahan äpet uly ýumurtgadan çykypdyr diýilýär.

  •   Älem-jahan taňrylaryň göwnüne gelen zada görä däl-de, tebigatyň durnukly kanunlary esasynda hereket edýär (Eýýup 38:33; Ýermeýa 33:25). Emma dünýädäki ýalan düşünjeler näme etjegini öňünden bilip bolmaýan zalym taňrylaryň ýanynda ýönekeý ynsan gaty alaçsyzdyr diýip öwredýär.

  •   Ýeriň hiç hili diregi ýok (Eýýup 26:7). Öňler köp halklar ýer ýüzi äpet pälwanyň ýa-da gäwmiş we pyşdyl ýaly haýwanyň üstünde duran ýasy tegelek diýip ynanypdyrlar.

  •   Derýalar we çeşmeler okeanlardan hem-de beýleki gözbaşlardan bugaryp ýokary galýan we ýagyş, gar ýa-da doly bolup ýagýan suwlardan dolup durýar (Eýýup 36:27, 28; Nesihat 1:7; Işaýa 55:10; Amos 9:6). Gadymy döwürde grekler derýalar ýer astyndaky okeanyň suwundan iýmitlenýär diýip pikir edipdirler we şeýle garaýyş XVIII asyra çenli dowam edipdir.

  •   Daglar beýgelýär we peselýär, häzirki daglaryň köpüsi öň suwuň astyndady (Zebur 104:6, 8). Muňa garamazdan, rowaýatlaryň köpüsinde daglary edil şu wagtky görnüşinde taňrylar ýaradypdyr diýip öwredilýär.

  •   Arassaçylyk saglygy goraýar. Ysraýyl halkyna berlen Kanunda ölen adamyň jesedine el degreniňden soň ýuwunmak, ýokanç keselli adamlar bilen gatnaşygy çäklendirmek we täreti gömmek barada tabşyryklar berlipdi (3 Musa 11:28; 13:1—5; 5 Musa 23:13). Emma şol döwürde müsürliler açyk ýaralary adamyň nejasady garylan dermanlar bilen bejeripdirler.

Mukaddes Kitapda ylmy taýdan nädogry maglumat barmy?

 Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenip, onda ylmy taýdan nädogry ýeriniň ýokdugyna göz ýetirýäris. Emma Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan dogrulygy babatda ýalňyş düşünjeler bar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

 Ýalňyş düşünje: Mukaddes Kitapda Älem-jahanyň göni manydaky 6 günde ýaradylandygy aýdylýar.

 Hakykat: Mukaddes Kitapda Hudaýyň Älem-jahany haçan ýaradyp başlandygy anyk aýdylmaýar (1 Musa 1:1). 1 Musa kitabynyň 1-nji babynda agzalýan ýaradylyş günleri uzak döwri öz içine alan bolmaly, olaryň näçe wagt dowam edendigi belli däl. Şeýle-de Ýeriň we gögüň ýaradylan döwrüne bir gün diýilýär (1 Musa 2:4).

 Ýalňyş düşünje: Mukaddes Kitapda ösümlikleriň Gündenem öň ýaradylandygy aýdylýar. Heniz Gün ýaradylmanka, fotosintez hadysasy amala aşyp bilmezdi ahyryn (1 Musa 1:11, 16).

 Hakykat: Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Gün «gökdäki» ýyldyzlaryň biri bolup, ösümliklerden öň ýaradyldy (1 Musa 1:1). Birinji «gün», ýagny ýaradylyşyň başlangyjynda Gün şöhlesi ýer ýüzüne ýagty saçyp, daş-töwerek ýagtyldy. Şeýlelikde, ýaradylyşyň üçünji «güni» fotosintez hadysasynyň amala aşmagy üçin eýýäm ýeterlik ýagtylyk bardy (1 Musa 1:3—5, 12, 13). Diňe şondan soň Gün ýerden seredeniňde, doly görnüp başlady (1 Musa 1:16).

 Ýalňyş düşünje: Mukaddes Kitapda Günüň ýer şarynyň daşyndan aýlanýandygy aýdylýar.

 Hakykat: Nesihat 1:5-de: «Gün dogýar, ýaşýar; öz dogjak ýerine tarap howlugýar» diýilýär. Emma bu sözler Günüň diňe ýer ýüzünden görünýän hereketini suratlandyrýar. Şu günlerem adamlar «gün dogdy» we «gün batdy» diýen sözleri aýdýarlar. Elbetde, olar Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýandygyny bilýärler.

 Ýalňyş düşünje: Mukaddes Kitapda Ýeriň tekizdigi aýdylýar.

 Hakykat: Mukaddes Kitapda «ýeriň ujy» diýen jümle ulanylýar. Bu bolsa Ýeriň tekizdigini ýa-da onuň gutarýan çäginiň bardygyny däl-de, «bütin ýer ýüzi» diýmegi aňladýar (Resullar 1:8, çykgyt). Şonuň ýaly «ýer ýüzüniň dört künjegi» diýen sözler hem göçme manyda ulanylyp, tutuş ýer ýüzüni suratlandyrýar. Bizem «çar tarapdan» diýenimizde, ýeriň göni manyda dört burçunyň bardygyny aýtmaýarys (Işaýa 11:12; Luka 13:29).