Esasy materiala geçiň

Töwrat näme?

Töwrat näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 «Töwrat» sözi «tora» diýen gadymy ýewreý sözünden alnan we ony «görkezme», «tälim» hem-de «kanun» diýip terjime etse bolýar a (Nakyllar 1:8; 3:1; 28:4). Aşakda getirilen mysallar bu sözüň Mukaddes Kitapda nähili ulanylýandygyny görkezýär.

  •   Adatça, Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitabyna, ýagny 1 Musa, 2 Musa, 3 Musa, 4 Musa we 5 Musa kitaplaryna «Tora» diýilýär. Ol başgaça «bäş kitap» diýip atlandyrylýar. Bu kitaplary Musa pygamberiň ýazandygy üçin, olar «Musanyň Töwrady» diýen ady hem göterýär (Ýuşa 8:31; Nehemýa 8:1). Başda olaryň ählisi bir kitapdy, ýöne soňra okamaga amatly bolar ýaly, ony birnäçe kitaba böldüler.

  •   «Tora» sözi ysraýyl halkyna berlen anyk kanunlary hem aňladýar. Meselem: «günä gurbanlyk... kadasy (kanun)», «deri kesellerini... kesgitleýän kadalar» we «nazyrlar üçin düzgün» (3 Musa 6:25; 14:56; 4 Musa 6:13).

  •   «Tora» sözi käte ene-atalaryň, akyldar adamlaryň ýa-da Hudaýyň berýän görkezmesini we tälimini aňladýar (Nakyllar 1:8; 3:1; 13:14; Işaýa 2:3).

Töwratda näme ýazylan?

  •   Onda Hudaýyň ynsany ýaradanyndan, tä Musa pygamberiň ölümine çenli bolan wakalar gürrüň berilýär (1 Musa 1:27, 28; 5 Musa 34:5).

  •   Ol Musanyň kanundaky tabşyryklary öz içine alýar (2 Musa 24:3). Kanunda 600-den gowrak tabşyryk bar. Olaryň iň wajybyna «Şma», ýagny ýehudylaryň imanynyň özeni diýilýär. Onuň bir böleginde şeýle diýilýär: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň» (5 Musa 6:4—9). Isa pygamber oňa: «Bu birinji we iň wajyp tabşyrykdyr» diýdi (Matta 22:36—38).

  •   Onda takmynan 1 800 gezek Hudaýyň Ýehowa adyna duş gelse bolýar. Töwratda Hudaýyň adyny tutmak gadagan edilmeýär. Gaýtam, Hudaýyň halkyndan ony yglan etmek talap edilýändigi barada aýdylýar (4 Musa 6:22—27; 5 Musa 6:13; 10:8; 21:5).

Töwrat baradaky ýalan düşünjeler

 Ýalan düşünje: Töwratdaky tabşyryklar ebedilikdir, olar hiç haçan güýçden gaçmaz.

 Delil: Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde Töwratdaky, meselem, Sabat güni, ruhanyçylyk düzgüni we günäden saplanma güni ýaly belli bir tabşyryklaryň «ebedilik äht» hökmünde berlendigi aýdylýar (2 Musa 31:16; 40:15; 3 Musa 16:33, 34). Emma bu aýatlarda ulanylýan ýewreý sözi ebediligi däl-de, uzak wagt diýmegi hem aňladýar b. Musanyň kanunynyň berlendigine takmynan 900 ýyl geçenden soň, Hudaý onuň ýerine «täze äht» berjekdigi barada pygamberlik etdi (Ýermeýa 31:31—33). Hawa, «Hudaý „täze äht“ diýmek bilen, öňküsini köneltdi» (Ýewreýler 8:7—13). Bu äht takmynan 2 000 ýyl mundan ozal Isa Mesih aradan çykandan soň güýje girdi (Efesliler 2:15).

 Ýalan düşünje: Ýehudylaryň oýlap tapan däp-dessurlary we «Talmud» kitaby Töwrat bilen deň.

 Delil: Mukaddes Kitapda Hudaýyň Musa pygambere Töwrat kitabyny ýazdyranda, dilden kanun berendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Gaýtam, onda şeýle diýilýär: «Reb Musa ýene-de: „Şu sözleri ýaz“ diýdi» (2 Musa 34:27). Ýehudylaryň oýlap tapyp, soň ýazdyrylan we «Mişna» (soňra oňa birnäçe kanunlar goşulyp, «Talmud» diýip atlandyrdylar) diýip at berlen kanunyny fariseýler girizdi. Bu däp-dessurlar köplenç Töwratdaky aýdylanlara garşy gelýärdi. Şonuň üçin Isa fariseýlere: «Siz däp-dessurlaryňyzy wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüni äsgermezlik edýärsiňiz» diýdi (Matta 15:1—9).

 Ýalan düşünje: Aýallara Töwrady okamak gadagan edilýär.

 Delil: Musanyň kanunynda Kanunyň sözlerini tutuş ysraýyl halkyna, şol sanda aýallara we çagalara okap bermelidigi barada tabşyryk bardy. Näme üçin? Sebäbi «olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrenip» bilerdiler (5 Musa 31:10—12) c.

 Ýalan düşünje: Töwratda syrly maglumat bar.

 Delil: Musa pygamber Töwrat kitabyny aýdyň we hemmelere düşnükli bolar ýaly edip ýazdy. Onuň içinde hiç hili syrly maglumat ýok (5 Musa 30:11—14). Töwratda syrly maglumat bar diýen düşünje ýehudylaryň jadygöýlik baradaky kitaplaryna (Kabbala) esaslanan. Onda Mukaddes Kitapdaky sözler «ökdelik bilen toslanyp» düşündirilýär d (2 Petrus 1:16).

a Gysga ýewreý ensiklopediýasy (tom VIII, sah. 1002).

b «Theological Wordbook of the Old Testament», tom II, sah. 672, 673.

c Töwratda berlen tabşyryga garamazdan, ýehudylaryň oýlap tapan kada-kanunlaryna laýyklykda, aýallara Töwrady okamak gadagan edilýärdi. Meselem, Mişna kitabynda Eliýezer ben Girkan atly mugallymyň şeýle sözleri getirilýär: «Gyzyna Töwrady öwredýän adam oňa ahlaksyzlygy öwredýän ýalydyr» (Sota 3:4). Iýerusalim Talmudynda bolsa ol: «Töwrady aýala öwredeniňden, bu kitaby otda ýakanyň gowudyr» diýýär (Sota 3:19a).

d Meselem, «Ýehudylaryň ensiklopediýasynda» Kabbalanyň tarapdarlarynyň Töwrat kitaby barada şeýle sözleri getirilýär: «Töwratda hiç hili anyk zatlar düşündirilmeýär, oňa dürli ýollar bilen düşünse bolýar» (2-nji neşir, tom II, sah. 659).