Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda spirtli içgiler barada näme aýdylýar? Spirtli içgileri içmek günämi?

Mukaddes Kitapda spirtli içgiler barada näme aýdylýar? Spirtli içgileri içmek günämi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Çeniňi bilip içmek günä däl. Mukaddes Kitapda şerabyň Hudaýyň sowgadydygy we şatlyk getirýändigi barada aýdylýar (Zebur 104:14, 15; Nesihat 3:13; 9:7). Şeýle-de ol saglygyň üçin peýdalydyr diýilýär (1 Timoteos 5:23).

 Isa pygamber hem ýer ýüzünde ýaşanda, şerap içýärdi (Matta 26:29; Luka 7:34). Bir gezek ol toýa baranda, ýaş çatynjalara sowgat hökmünde gudrat bilen suwy şeraba öwürdi (Ýahýa 2:1—10).

Köp içmekligiň howpy

 Mukaddes Kitapda şerabyň peýdaly taraplary barada aýdylsa-da, aşa köp içmeklik we serhoşlyk ýazgarylýar. Şol sebäpli mesihçiler spirtli içgileri içende, çenini bilmeli (1 Timoteos 3:8; Titus 2:2, 3). Mukaddes Kitapda aşa köp içmekden gaça durmagyň birnäçe sebäbi getirilýär.

  •   Köp içmeklik adamyň pikirleniş ukybyna zyýan ýetirýär (Nakyllar 23:29—35). Adam serhoş bolanda, Mukaddes Kitapdaky şu tabşyrygy ýerine ýetirip bilmeýär: «Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaramly gurban hökmünde hödürläň. Şonda siz pikirlenmek ukybyňyzy ulanyp, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz» (Rimliler 12:1).

  •   Adam aşa köp içende, çäginden çykýar we niýeti üýtgeýär (Hoşeýa 4:12; Efesliler 5:18).

  •   Köp içmeklik adamy garyp düşürýär we saglygyna zyýan ýetirýär (Nakyllar 23:21, 31, 32).

  •   Hudaý köp içmekligi we serhoşlygy ýazgarýar (Nakyllar 23:20; Galatýalylar 5:19—21).

Onda näçeräk içmeli?

 Eger adam spirtli içgini içip, özüne we başgalara zyýan ýetirse, bu onuň aşa köp içendigini görkezýär. Mukaddes Kitaba görä, serhoş diýlende, adamyň köp içip, özüni bilmeýän ýagdaýy göz öňünde tutulmaýar. Adatça, serhoş adam jedelleşýär, çaýkanyp ýöreýär, pikirlenip bilmeýär we dili çolaşýar (Eýýup 12:25; Zebur 107:27; Nakyllar 23:29, 30, 33). Hatda aşa köp içmeýän adam hem serhoş bolup, eden işiniň ajy miwesini orar (Luka 21:34, 35).

Spirtli içgiden saklanmak

 Mukaddes Kitapda käbir mesihçileriň spirtli içgilerden doly saklanmalydygy barada maslahat berilýär. Meselem:

  •   Eger başgalar büdreýän bolsa (Rimliler 13:1).

  •   Eger ýaşaýan ýurduňdaky kanuna garşy gelýän bolsa (Rimliler 13:1).

  •   Eger özüňe erk edip bilmeýän bolsaň. Arakhorlykdan we onuň başga görnüşlerinden ejir çekýän adamlar spirtli içgiden saklanmak üçin köp tagalla etmeli (Matta 5:29, 30).