Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda ýagşylyk etmek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda ýagşylyk etmek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda adamlara ak ýürekden ýagşylyk etmek, jomart bolmak maslahat berilýär. Şonda adamlaram, özümizem begenýäris (Nakyllar 11:25; Luka 6:38). Isa pygamber: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Resullar 20:35).

 Nähili niýet bilen ýagşylyk etsek dogry?

 Adamlara höwes bilen ýagşylyk etseň, Hudaý begenýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, göwnünden çykaran zadyny bersin, sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Korinfliler 9:7).

 Adamlara ak ýürekden ýagşylyk etsek, Hudaýa-da arassa sežde edip, ony razy edýäris (Ýakup 1:27). Mätäçlere kömek edýän adam Hudaýy begendirýär. Şeýle adamy Hudaý özüne karz berýän ýaly hasaplaýar (Nakyllar 19:17). Mukaddes Kitapda: «Hudaý onuň eden ýagşylygyny gaýtarar» diýilýär (Luka 14:12—14).

 Nähili niýet bilen ýagşylyk etsek nädogry?

 Öz peýdaňy gözläp ýagşylyk etmeli däl. Meselem:

 Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýän adamlara jomart bolmaly däl. Meselem, pully kart oýnaýanlara, neşekeşlere ýa-da arakhorlara kömek etmek üçin pul bermeli däl (1 Korinfliler 6:9, 10; 2 Korinfliler 7:1). Şeýle-de ýagdaýy bolubam, işlemeýän adamlara pul berip ýagşylyk etmek nädogry (2 Selanikliler 3:10).

 Maşgalaň agzyndan kesip, başgalara ýagşylyk etmeli däl. Mukaddes Kitapda ärlere, ilki bilen, maşgalasynyň aladasyny etmek maslahat berilýär (1 Timoteos 5:8). Olar maşgalasynyň aladasyny etmän başgalara ýagşylyk edip ýörse, Hudaý halamaýar. Isa-da «bar zadymy Hudaýa gurban etdim» diýip, garry ene-atasynyň aladasyny etmeýän adamlary ýazgardy (Markus 7:9—13).