Esasy materiala geçiň

Pygamberlik näme?

Pygamberlik näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Pygamberlik — Hudaýdan gelen ylhamlanan habar. Mukaddes Kitapda pygamberleriň «Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen» gepländigi aýdylýar (2 Petrus 1:20, 21). Şol sebäpli Hudaýdan alan habaryny başgalara ýetirýän adama pygamber diýilýär (Resullar 3:18).

Hudaý pygamberlere habaryny nädip ýetirýärdi?

 Hudaý pikirini pygamberlere dürli ýollar arkaly ýetirýärdi:

  •   Ýazmaça. Hudaý bu usuly birje gezek ulanypdy. Ol Musa pygambere 10 tabşyrygy ýazmaça beripdi (2 Musa 31:18).

  •   Perişdeler arkaly. Hudaý perişdesi arkaly Musa pygambere Müsür faraonyna näme diýmelidigini öwretdi (2 Musa 3:2—4, 10). Has wajyp zatlary aýtmaly bolanda, Hudaý perişdesi arkaly jikme-jik görkezme berýärdi. Ol Musa şeýle sözleri aýtmalydygyny tabşyrdy: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» (2 Musa 34:27) a.

  •   Görnüşler. Käte görnüşler pygambere ukudaka däl-de, oýa wagty berilýärdi (Işaýa 1:1; Habakuk 1:1). Olaryň käbiri hakykata şeýle bir ýakyndy welin, pygamberler hatda oňa gatnaşýardylaram (Luka 9:28—36; Ylham 1:10—17). Başga ýagdaýda bolsa, olar diňe görnüş görýärdiler (Resullar 10:10, 11; 22:17—21). Şeýle-de Hudaý öz habaryny pygamberleriň düýşüne salyp berýärdi (Danyýar 7:1; Resullar 16:9, 10).

  •   Ylhamy bilen. Hudaý habaryny pygamberleriň aňyna guýýardy. Bu babatda Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy». «Hudaýyň ylhamy» diýen jümle «Hudaý üfledi» diýmegi hem aňladýar (2 Timoteos 3:16). Hudaý mukaddes ruhy, ýagny hereket edýän güýji arkaly pikirini gullukçylarynyň aňyna «üfläpdir». Habar Hudaýyňky bolsa-da, pygamber ony öz sözi bilen ýazypdyr (2 Şamuwel 23:1, 2).

Pygamberlik hemişe gelejek bilen baglanyşyklymy?

 Ýok. Mukaddes Kitapda pygamberlik diýlende, diňe gelejekde boljak zatlar göz öňünde tutulmaýar. Ýöne Hudaýdan gelýän habarlaryň köp bölegi, hatda göni aýdylmadyk bolsa-da, olar gelejek bilen baglanyşykly. Meselem, Hudaýyň pygamberleri gadymy ysraýyl halkyny erbet ýollaryndan dänmek barada gaýta-gaýta duýdurýardy. Şol duýduryşlar ysraýyllylaryň gelejekde bereket aljakdyklaryny, ýöne erbet ýolundan dänmeseler, höküme sezewar boljakdyklaryny aýan edýärdi (Ýermeýa 25:4—6). Görşümiz ýaly, ysraýyllylaryň saýlan ýoly olaryň gelejegini kesgitleýärdi (5 Musa 30:19, 20).

Gelejek bilen bagly bolmadyk pygamberlikler

  •   Bir gezek ysraýyllylar Hudaýdan kömek soranlarynda, ol pygamberini iberip, tabşyryklaryna gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, olara kömek etmejekdigini aýdýar (Serdarlar 6:6—10).

  •   Isa samariýaly aýal bilen gepleşende, onuň öňki durmuşy bilen bagly zatlary aýdýar. Ol muny diňe Hudaýyň aýan edendigi üçin edip bildi. Isa gelejek barada pygamberlik etmese-de, ol aýal onuň pygamberdigine düşündi (Ýahýa 4:17—19).

  •   Isa kazyýetdekä, duşmanlary onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber, hany aýt, seni kim urdy?» diýdiler. Olar Isadan gelejek barada pygamberlik etmegi däl-de, onuň Hudaýyň güýji bilen kimiň urandygyny bilmegini islediler (Luka 22:63, 64).

a Hudaý Musa pygamber bilen gös-göni gepleşýän ýaly bolup görünse-de, Mukaddes Kitapda Hudaýyň Kanunyny Musa pygambere perişdeleri arkaly berendigi aýdylýar (Resullar 7:53; Galatýalylar 3:19).