Esasy materiala geçiň

Mesihçiler göwreli bolmagyň öňüni alýan derman serişdelerini ulansa bolýarmy?

Mesihçiler göwreli bolmagyň öňüni alýan derman serişdelerini ulansa bolýarmy?

Mukaddes Kitabyň berýän jogaby

 Isa şägirtlerine çaga ediniň ýa-da edinmäň diýip tabşyryk bermedi. Onuň hiç bir şägirdi hem bu mesele barada belli bir zat diýmedi. Mukaddes Kitabyň hiç bir ýerinde çaga edinmezlik ýazgarylmaýar. Şol sebäpli bu meselede Rimliler 14:12-däki: «Her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris» diýen prinsipe eýerip bileris.

 Maşgala guran är-aýallar çaga edinmelidigini ýa edinmeli däldigini özleri çözüp bilýär. Şeýle-de olar näçe çaga edinmelidigini we haçan edinmelidigini çözüp biler. Eger är-aýal çaga aýyrtmazlyk üçin göwreli bolmagyň öňüni alýan derman serişdelerini ulanmak islese, bu olaryň öz işi we gelýän kararyna özleri jogap berýär. Şonuň üçin hiç kim olary ýazgarmaly däl (Rimliler 14:4, 10—13).