Esasy materiala geçiň

Näme üçin dünýäde hristian dini köp?

Näme üçin dünýäde hristian dini köp?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Adamlar Isa pygamberiň taglymatyna esaslanýandyr öýdüp, ençeme hristian dinini döretdiler. Emma Mukaddes Kitapda onuň taglymatyna esaslanan ýeke-täk diniň bardygy aýdylýar. Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň.

  1.   Isa pygamber öwredýän zatlarynyň «hakykatdygyny» aýtdy, I asyrda ýaşan mesihçiler hem «hakykat ýolunda gezendiklerini» aýtdylar (Ýahýa 8:32; 2 Petrus 2:2; 2 Ýahýa 4; 3 Ýahýa 3). Diýmek, Isa pygamberiň taglymatyna garşy gelýän din hakyky din bolmaýar.

  2.   Mukaddes Kitapda Isanyň şägirtleriniň «ähli zatda ylalaşykly bolmalydygy» barada aýdylýar (1 Korinfliler 1:10). Emma hristian dinleriniň taglymatlary bir-birine garşy gelýär. Hatda olar «Isanyň şägirdi bolmak nämäni aňladýar?» diýen ýaly wajyp meselede-de bir pikire gelip bilmeýärler. Şol sebäpli olaryň ählisine hakyky din diýip bolmaýar (1 Petrus 2:21).

  3.   Isa Mesih özüni onuň şägirdi hasaplap, ýöne tabşyrygyny berjaý etmeýän adamlary inkär etjekdigini pygamberlik etdi (Matta 7:21—23; Luka 6:46). Şeýle-de ol öz bähbidine çapyp, Hudaýyň hakykatyny ýoýýan dini ýolbaşçylaryň käbir adamlary aldajakdygyny duýdurypdy (Matta 7:15). Başgalar bolsa Mukaddes Kitapdaky hakykaty däl-de, gulaklaryna ýakýan zatlary gürrüň berjek hristian dinini kabul ederler (2 Timoteos 4:3, 4).

 Isa pygamber «Bugdaý we haşal ot» mysalynda hakyky şägirtleriniň arasynda imandan dänip, hakykata garşy gidýän adamlaryň peýda boljakdygyny hem-de olary uzak wagtlap ýalan şägirtlerden tapawutlandyryp bolmajakdygyny aýtdy (Matta 13:24—30, 36—43). Isanyň aýdyşy ýaly, resullar aradan çykandan soň, imandan dänip, hakykata garşy gidýän adamlar has-da köpeldi (Resullar 20:29, 30). Şeýle adamlaryň taglymaty bir-biriniňkiden tapawutlansa-da, olaryň bary «hakykat biliminden ýüz öwürdiler» (2 Timoteos 2:18).

 Isa hakyky we ýalan şägirtleriniň arasyndaky tapawudynyň ahyrsoňy mese-mälim boljakdygyny hem öňünden aýdypdy. Bu zatlar biziň döwrümizde, ýagny «dünýäniň soňunda» bolup geçýär (Matta 13:30, 39).