Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap maşgalanyň bagtly bolmagyna kömek edip bilermi?

Mukaddes Kitap maşgalanyň bagtly bolmagyna kömek edip bilermi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Elbetde, kömek edip biler. Geliň, Mukaddes Kitapdan millionlarça adamlara maşgalasyny bagtly etmäge kömek eden käbir maslahatlara seredeliň:

  1.   Nikaňyzy kanun taýdan resmileşdiriň. Nikany kanun taýdan resmileşdirmek är-aýaly jogapkär edýär. Şeýle jogapkärçilik bolsa maşgalanyň bagtly bolmagyna ýardam edýär (Matta 19:4—6)

  2.   Bir-biriňizi söýüp, hormat goýuň. Diýmek, özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, ýanýoldaşyňyza hem şeýle ediň (Matta 7:12; Efesliler 5:23, 33)

  3.   Göwnedegiji sözleri aýtmaň. Ýanýoldaşyňyz özüni gödek alyp baryp, göwnedegiji sözleri aýtsa-da, siz onuň bilen mähirli gürleşiň (Efesliler 4:31, 32). Nakyllar 15:1-de: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr; gaty söz bolsa gazaby oýarýandyr» diýilýär.

  4.   Bir-biriňize wepaly boluň. Yşk duýgusy we jynsy höwesler diňe ýanýoldaşyňyza bolmaly (Matta 5:28) Injilde, «Goý, hemmeler nika hormat goýsun. Är-aýal bir-birine ikilik etmesin» diýilýär (Ýewreýler 13:4).

  5.   Çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň. Olary aşa läliksiretmäň we özüňizi gödek alyp barmaň (Nakyllar 29:15; Koloslylar 3:21).