Esasy materiala geçiň

Dünýäde näme üçin parahatlyk ýok?

Dünýäde näme üçin parahatlyk ýok?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Adamlar bütin dünýäde parahatlygyň höküm sürmegi üçin elinde baryny edýärler, emma bu netije bermeýär. Geliň, munuň birnäçe sebäbine seredip geçeliň.

  •   «Ynsanyň... dogry ädim basmagynyň ygtyýarynda däldigini bilýärin» (Ýermeýa 10:23). Adamlar öz-özlerine hökümdarlyk eder ýaly ukyp ýa-da hak-hukuk bilen ýaradylmandy. Şol sebäpli olar mizemez parahatlyga ýetip bilmezler.

  •   «Adam ogluna bil baglamaň, çünki onda gutaryş ýokdur. Onuň ruhy çykyp, topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykar» (Zebur 146:3, 4). Hökümet ýolbaşçylarynyň gowy niýeti bolsa-da, uruşlary doly togtadyp bilmeýärler.

  •   «Soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilip goý. Sebäbi adamlar... zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, kesir, gopbamsy... bolar» (2 Timoteos 3:1—4). Biz «soňky günlerde», ýagny zalym dünýäde parahatlygy aňsat-aňsat dikeldip bolmaýan wagtda ýaşaýarys.

  •   «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza, sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy» (Ylham 12:12). Hudaýyň ganym duşmany bolan Şeýtan ýer ýüzüne zyňlansoň, adamlary hem öz zalym häsiýetlerinden öwrenmäge höweslendirýär. Şeýtan şu «dünýäniň hökümdary» bolsa, biz hiç wagtam parahatlykda ýaşap bilmeris (Ýahýa 12:31).

  •   Hudaýyň Patyşalygy «beýleki (Hudaýa garşy çykýan) patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar» (Danyýar 2:44). Hawa, ynsan hökümetleri däl-de, diňe Hudaýyň Patyşalygy bütin dünýäde parahatlygy dikeldip, biziň islegimizi amala aşyrar (Zebur 145:16).