Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda «ölüme eltýän ýedi günä» diýen düşünje barmy?

Mukaddes Kitapda «ölüme eltýän ýedi günä» diýen düşünje barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda «ölüme eltýän ýedi günäniň» bardygy aýdylmaýar. Ýöne ol agyr günäleri eden adamyň halas bolmak umydyndan mahrum bolýandygyny öwredýär. Meselem, Mukaddes Kitapda ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, gahar-gazap, serhoşlyk ýaly agyr günäleriň «ten işlerine» degişlidigi aýdylýar. Soňra: «Şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlar Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýilýär (Galatýalylar 5:19—21) a.

Mukaddes Kitapda «ýedi zat (Hudaýyň) janyna ýigrenjidir» diýilmeýärmi näme?

 Elbetde. Nakyllar 6:16-da: «Şu alty zady Reb ýigrenýändir, ýedi zat Onuň janyna ýigrenjidir» diýilýär. Emma Nakyllar 6:17—19-njy aýatlarda hemme günäler agzalmaýar. Ol ýerde diňe ähli nädogry işleri, ýagny ýerliksiz pikirleri, sözleri we hereketleri öz içine alýan esasy günäler agzalýar b.

«Ölüme eltýän günä» diýen jümle nämäni aňladýar?

 1 Ýahýa 5:16-da: «Ölüme eltýän günä hem bardyr» diýilýär. Eýsem, «ölüme eltýän» we «ölüme eltmeýän» günäler nämede tapawutlanýar?

 Mukaddes Kitapda islendik günäniň ölüme eltýändigi aýdyň görkezilýär. Emma biz Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly günäden we ölümden halas bolup bileris (Rimliler 5:12; 6:23). Muňa garamazdan, Isa pygamberiň beren tölegi «ölüme eltýän günäni» ýuwup bilmeýär. Sebäbi şeýle günä edýän adam etmişlerinden el çekmeýär we ökünmeýär. Mukaddes Kitapda onuň günäsi «bagyşlanmaz» diýilýär (Matta 12:31; Luka 12:10).

a Galatýalylar 5:19—21-nji aýatlarda 15 sany agyr günä agzalsa-da, bu başga agyr günäleriň ýokdugyny aňlatmaýar. Sebäbi Ýazgylarda: «Şuňa meňzeş zatlar» diýilýär. Diýmek, «şuňa meňzeş zatlara» ýene nähili günäleriň degişlidigi barada okyjynyň özi oýlanmaly.

b Nakyllar 6:16-da gadymy ýewreý dilindäki ýörgünli jümle ulanylypdyr. Bu ýerdäki sanlar bir-birine gapma-garşy ulanylyp, olaryň ikinjisiniň wajypdygy görkezilýär. Şeýle çeperçilik usul Mukaddes Kitapda köp ulanylýar (Eýýup 5:19; Nakyllar 30:15, 18, 21).