Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitaba degişli wideolar — Esasy taglymatlar

Şu gysgajyk wideolardan «Allatagala ýeri näme üçin ýaratdy? Adam ölensoň, näme bolýar? Hudaý adamlaryň ejir çekmegine näme üçin ýol berýär?» diýen soraglara Mukaddes Kitapda nähili jogap berilýändigini biliň.

Älem-jahan öz-özünden döredimi?

Käbir adamlar Mukaddes Kitapdaky ýaradylyş barada aýdylanlary ýalňyş, hatda erteki hasaplaýarlar. Mukaddes Kitapdaky aýdylanlar dogrumy?

Hudaýyň ady barmy?

Hudaýyň köp titullary bar, meselem, Gudratygüýçli, Ýaradyjy we Allatagala. Emma Mukaddes Kitapda Hudaýyň ady takmynan 7 müň gezek duş gelýär.

Hudaý bilen dostlaşyp bolýarmy?

Asyrlarboýy adamlar Beýik Ýaradan hakda bilmek islediler. Mukaddes Kitapda Hudaýyň dosty bolmak üçin näme etmelidigi ýazylan. Hudaý bilen dostlaşmak üçin Onuň adyny bilmeli.

Mukaddes Kitabyň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?

Mukaddes Kitabyň awtory Hudaý bolsa, onda ol deňi-taýy bolmadyk kitap bolmaly.

Adam ölensoň, oňa näme bolýar?

Mukaddes Kitapda Lazar ýaly ençeme adamlaryňam tizden ölüm ukusyndan oýanjakdygy wada berilýär.

Dowzah barmy?

Mukaddes Kitapda «Hudaý söýgüdir» diýilýär, şonuň üçin ol öňki eden günäleri üçin adamlary jezalamaýar.

Isa Mesih Hudaýmy?

Isa Gudratygüýçli Hudaýmy? Ýa⁠-⁠da Hudaý bilen Isa Mesih aýry-aýry şahsyýet?

Isa pygamber näme üçin öldi?

Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň ölüminiň örän wajypdygy aýdylýar. Ol näme üçin öldi?

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Isa ýer ýüzünde gulluk edende, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärdi. Asyrlarboýy onuň şägirtleri şol Patyşalygyň gelmegi barada doga edýärler.

1914-nji ýyldan bäri Patyşalyk höküm sürýär

Hudaýyň 2 600 ýyl mundan öň güýçli patyşa barada ýazdyran pygamberligi häzir ýerine ýetýär.

1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýüzi bulaşdy

Dünýäniň ýagdaýy we adamlaryň häsiýetleri 1914-nji ýyldan bäri Mukaddes Kitapda aýdylýan «soňky günler» baradaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini subut edýär.

Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?

Mukaddes Kitapda bu soragyň kanagatlandyryjy hem teselli beriji jogaby bar.

Hemme dinler Hudaýa ýaraýarmy?

Köp adamlar: «Haýsy dine uýanyňda näme, Hudaý hemmesinem kabul edýär» diýýär.

Şekillere sygynsa bolýarmy?

Ýasalan zatlara sygnyp, Hudaýy razy edip bolýarmy?

Pornografiýa görmek günämi?

Mukaddes Kitapda «pornografiýa» sözi duş gelýärmi? Hudaýyň pornografiýa bolan garaýşyny nädip bilse bolýar?