Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

BalanceFormcreative/iStock via Getty Images Plus

Özüňizi ýalňyz duýmaz ýaly başgalara kömek ediň. Mukaddes Kitabyň maslahatlary

Özüňizi ýalňyz duýmaz ýaly başgalara kömek ediň. Mukaddes Kitabyň maslahatlary

 Bütin ýer ýüzünde köp adamlar başgalar bilen dostlaşyp bilmän, özlerini ýalňyz duýýarlar. Käbir lukmanlaryň aýtmagyna görä, adamlara ýagşylyk etmek durmuşyňy manyly edip, özüňi ýalňyz duýmazlyga kömek edýär.

  •    «Özümizi başgalardan çetde tutman, mätäçlere kömek etsek durmuşymyz manyly bolar we özümizi känbir ýeke duýmarys» (ABŞ-nyň milli saglygy goraýyş institutlary).

 Mukaddes Kitapda başgalara nädip kömek etmelidigi barada peýdaly maslahatlar bar. Şol maslahatlara eýersek, ýalňyzlyk duýgusyny ýeňip bileris.

Näme edip bilersiňiz?

 Jomart boluň. Dost-ýarlaryňyz bilen görşüp, bile wagt geçirmek üçin mümkinçilik gözläň. Bar bolan zadyňyzy höwes bilen paýlaşyň. Şeýtseňiz, başgalar size ýürekden minnetdar bolarlar, dostlugyňyz hem berkär.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Beriň, şonda size-de bererler» (Luka 6:38).

 Ýagşylyk etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi gaýgyrmaň. Kyn ýagdaýa düşen adamlara kömek etmäge jan ediň. Olaryň ýüküni ýeňletmek üçin ünsli diňläp duýgudaşlyk bildiriň ýa-da el kömegini beriň.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Hak dost... aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» (Nakyllar 17:17).

 Başgalar bilen nädip gowy gatnaşykda bolmalydygy barada köpräk bilmek üçin «Maşgalaňyz we dostlaryňyz» atly makalany okaň.