Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Hudaý bilen dostlaşyp, ejem bilenem jora boldum

Hudaý bilen dostlaşyp, ejem bilenem jora boldum

EJEM maňa: «Sen näme üçin ata-babalaryňa sežde etmejek bolýarsyň? Olar bolmadyk bolsa, sen dünýä inmezdiň, muňa düşünmeýärmiň? Seniň olara sylag-hormatyň ýokmy? Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryndan nädip ýüz öwrüp biljek? Olara hormat goýman, biziň dinimiz ýalan diýjek bolýarmyň?» diýdi. Soňra ol saklanyp bilmän, aglap başlady.

Ejem hiç wagt beýle sözleri aýtmaýardy. Onsoňam, ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny özi geçmejek bolup, meniň başlamagyma rugsat beripdi. Men ejeme hemişe gulak asýardym. Bu gezek onuň diýenini etmezlik gaty kyn düşse-de, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin şeýle etmeli boldum. Hudaýyň kömegi bolmadyk bolsa, men muny başarmazdym.

HUDAÝYŇ GULLUKÇYSY BOLÝARYN

Ýaponiýadaky adamlaryň köpüsi ýaly, bizem buddizm dinine uýýardyk. Emma Ýehowanyň Şaýatlary bilen bary-ýogy iki aý okuw geçenimden soň, Mukaddes Ýazgylaryň hakykatdygyna doly göz ýetirdim. Men gökde Atamyň bardygyny bilip, ol barada köpräk öwrenesim geldi. Ejem ikimiz öwrenen zatlarym barada höwes bilen pikir alyşýardyk. Men Patyşalyk zalynda dynç günleri geçirilýän duşuşyklara gatnap başladym. Hakykata has çuňňur düşünip, ejeme mundan beýläk buddistleriň däp-dessurlaryny berjaý etmejekdigimi aýtdym. Emma onuň garaýşy birden üýtgedi. Ol: «Maşgalamyzda ata-babalaryny sylamaýan adamyň bolmagy uly masgaraçylyk» diýdi. Ol meniň Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegimi we duşuşyklara gatnaşmagymy bes etmegi talap etdi. Ejem şeýle zatlary aýdar diýip, ýatsam-tursam kelläme-de gelmeýärdi. Ol düýbünden başga adam ýaly boldy.

Men Efesliler kitabynyň 6-njy babyndan Ýehowanyň ene-atama gulak asmagymy isleýändigini bildim. Kakamam ejemiň tarapyny tutdy. Ilki men ene-atama gulak assam, olaram meni diňlär we maşgalamyzda agzybirlik bolar diýip pikir etdim. Onsoňam, ýokary klaslara geçmek üçin synag tabşyrmagyň wagty ýetip gelýärdi, men oňa taýýarlanmalydym. Şonuň üçinem men ejem bilen kakama üç aýlap ýygnak duşuşyklaryna gitmejekdigimi aýtdym. Emma üç aýdan soň duşuşyklara ýene-de gatnap başlajakdygymy Ýehowa söz berdim.

Ýöne meniň gelen kararym nädogry bolup çykdy. Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, men üç aýyň içinde garaýşyma hiç zat täsir etmez öýtdüm. Emma biraz wagt geçensoň, men ruhy taýdan gowşap, Ýehowadan gitdigiçe daşlaşyp başladym. Ikinjiden, ejem bilen kakam maňa eglişik etmegiň deregine, öňküdenem beter topulyp, hakyky sežde bilen bagly ähli zatdan el çekmegimi talap etdiler.

GARŞYLYK WE GOLDAW

Men Patyşalyk zalynda maşgalasynda garşylyga duş gelýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boldum. Olar Ýehowanyň meni goldajakdygyna ynandyrdylar (Mat. 10:34—37). Olar ene-atamyň halas bolmagyna kömek edip biljekdigimi aýtdylar, bu maňa güýçli täsir etdi. Şonda men Ýehowa bil baglar ýaly gyzgyn doga edip başladym.

Maşgalamda dürli ýollar bilen garşylyk görkezýärdiler. Ejem maňa ýalbaryp gördi, düşündirip gördi. Men köplenç sesimi çykarmaýardym. Emma gepläp başladygym, herimiz özümiziňkini dogry etjek bolup, janygyp başlaýardyk. Hawa, ejem biraz köşeşer ýaly, men onuň duýgularyny we ynanýan zatlaryny göz öňünde tutmalydym. Enem-atam meni hiç ýere çykarmajak bolup, öýüň köp işlerini etdirýärdiler. Käwagt olar meniň daşymdan gulplap, iýmäge-de hiç zat bermeýärdiler.

Ejem başgalardan hem kömek soraýardy. Ol hatda mekdepdäki mugallymyma hem ýüz tutdy, emma ol biziň meselämize goşulmady. Şeýle-de ejem meni öz başlygynyň ýanyna eltip, ähli dinleriň peýdasyzdygyna ynandyrjak boldy. Öýde bolsa dogan-garyndaşlarymyza jaň edip, aglap kömek soraýardy. Men muňa gaty gynanýardym, emma ýygnak ýaşululary bu ýagdaýyň gowy tarapy barada oýlanmaga höweslendirdiler. Sebäbi ejemiň özem bilmän, şol adamlara wagyz edýärdi.

Soňra uniwersitete girmek meselesi ýüze çykdy. Enem-atam gowy durmuşda ýaşamagymy isläp, aladamy edýärdiler we men gowy iş tapyp bilerin diýip tama edýärdiler. Biz bu mesele barada asuda gürleşip bilmezdik, şol sebäpli kakam bilen ejeme öz maksatlarymy birnäçe gezek hat arkaly düşündirmekçi boldum. Kakam muňa gaty gaharlanyp: «Eger sen iş tapyp bilerin diýip pikir edýän bolsaň, ertire çenli tap, bolmasa-da öýden git» diýip haýbat atdy. Men bu barada Ýehowa doga etdim. Ertesi gün wagza çykanymda, iki sany uýa çagalaryna goşmaça sapak bermegimi haýyş etdiler. Kakam iş tapandygyma begenmedi, ol meniň bilen gürleşmegini goýdy we soňabaka meni äsgermän başlady. Ejem bolsa maňa: «Ýehowanyň Şaýady bolanyňdan, jenaýatçy bolan bolsaň gowy bolardy» diýdi.

Ýehowa maňa dogry garaýyşda bolmaga we kyn ýagdaýdan baş alyp çykmaga kömek etdi

Käte Ýehowa meniň enem-atamyň islegine şeýle garşy gitmegimi isleýärmikä diýip pikir edýärdim. Ýöne köp doga edip, Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowanyň söýgüsi barada oýlananymda, ýagdaýa başgaça seredip başladym we enem-atamyň aladamy edýändigine düşündim. Ýehowa maňa dogry garaýyşda bolmaga we kyn ýagdaýdan baş alyp çykmaga kömek etdi. Şeýle-de wagza näçe köp çykdygymça, şonça-da köp şatlyk tapýardym. Şeýdip, men pioner bolmagy maksat edindim.

PIONER GULLUGY

Käbir uýalar meniň pioner bolmak isleýändigimi bilip, enem-atam köşeşýänçä garaşmagy maslahat berdiler. Men Hudaýdan akyldarlyk sorap, doga etdim, gözleg geçirdim, öz niýetlerimi barladym we ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boldum. Şeýdip, Ýehowanyň göwnünden turmak isleýändigime göz ýetirdim. Onsoňam, pioner gullugyny soňa goýanym bilen, enem-atamyň garaýşy üýtgär diýip anyk aýdyp bolmaýardy.

Men mekdebiň soňky ýylynda okaýarkam, pioner gullugyna başladym. Biraz wagtdan soň, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmegi maksat edindim. Emma ejem bilen kakam meniň öýden gitmegimi islemediler. Şol sebäpli men 20 ýaşaýançam garaşdym. Ýöne ejem men barada biynjalyklanmaz ýaly, filiala hat ýazyp, meni Ýaponiýanyň günortasyna bellemeklerini haýyş etdim. Sebäbi ol ýerde biziň garyndaşlarymyz ýaşaýardy.

Şol ýerde gulluk edýärkäm, men ençeme bereketleriň eýesi boldum, sebäbi okuw geçen adamlarymyň köpüsi suwda çokundyryldy. Men has köpräk gulluk etmek maksady bilen, iňlis dilini hem öwrenýärdim. Biziň ýygnagymyzda iki sany ýörite pioner dogan bardy. Olaryň yhlasyny we başgalara kömek edişini görüp, menem ýörite pioner bolmagy ýüregime düwdüm. Şol döwürde ejem iki gezek agyr keselledi. Men her gezegem onuň aladasyny etmek üçin öýümize gitdim. Ejem muňa diýseň haýran galdy. Şeýdip, onuň garaýşy kem-kemden özgerip başlady.

BEREKET ÜSTÜNE BEREKET

Şondan ýedi ýyl geçensoň, ýokarda agzalan ýörite pionerleriň biri, ýagny Atsuşi atly dogan maňa hat ýazdy. Ol maňa durmuş gurmagy teklip edip, bu babatda meniň pikirimi bilmek isleýändigini ýazypdyr. Meniň Atsuşi dogana hiç hili duýgym ýokdy we onuň hem maňa bolan duýgusy bardyr diýip pikir etmändim. Bir aýdan soň onuň bilen has ýakyndan tanyşmaga razydygymy ýazdym. Ikimiziň köp zatda garaýşymyzyň deň gelýändigine, doly wagtly gulluk etmek maksadymyzyň bardygyna we islendik ýagdaýda-da gulluk etmäge taýyndygymyza göz ýetirdik. Wagtyň geçmegi bilen, biz durmuş gurduk. Men toýumyza ejem bilen kakamyň we başga-da birnäçe garyndaşlarymyzyň gelendigine diýseň begendim.

Nepal

Biz umumy pioner bolup gulluk edýärkäk, Atsuşini etrap gözegçisiniň kömekçisi edip bellediler. Tizden biz başga-da bereketleri aldyk. Bizi ýörite pioner, soňra bolsa etrap gözegçilik gullugyna bellediler. Biz etrabymyza degişli ähli ýygnaklary aýlanyp çykanymyzdan soň, filialdan jaň edip, biziň Nepalda etrap gözegçisi bolup gulluk etmäge razylygymyzy soradylar.

Başga ýurtlarda gulluk edip, Ýehowa barada köp zatlary öwrendim

Ejem bilen kakam meniň uzak ýere gitmegime nähili gararka diýip biynjalyklandym. Şonuň üçinem olara jaň etdim. Kakam maňa: «Gitjek bolýan ýeriň-ä gowy ýer eken» diýip jogap berdi. Şondan bary-ýogy bir hepde öň, kakamyň dostlarynyň biri oňa Nepal barada kitap beripdir, ol bolsa: «Öz-ä, baryp göräýmeli ýer eken» diýipdir.

Nepalyň mähirli ýaşaýjylarynyň arasynda gulluk edýärkäk, ýene-de bir bereket aldyk. Biziň etrabymyza Bangladeş hem goşuldy. Ol gaty golaýda ýerleşse-de, köp zatlarda Nepaldan düýbünden tapawutlanýardy. Wagyz etmek üçin hem dürli usullary ulanmaly bolýardy. Şondan bäş ýyl geçensoň, bizi ýene-de Ýaponiýa bellediler. Biz ol ýerde häzirem etrap gözegçilik gullugyny dowam edýäris.

Men Ýaponiýada, Nepalda we Bangladeşde gulluk edip, Ýehowa barada köp zatlary öwrendim. Bu ýurtlaryň her biriniň üýtgeşik taryhy we medeniýeti bolup, adamlaryň hersiniň özüne mahsus häsiýeti bar. Men Ýehowanyň her bir adamyň aladasyny edip, ony özüne kabul edýändigini, goldaýandygyny we patalaýandygyny gördüm.

Özüm barada aýtsam, Ýehowa maňa bereket berip, özüni tanamaga, oňa gulluk etmäge we gowy mesihçi ýanýoldaş tapmaga kömek etdi. Hudaý meniň ähli gelýän kararlaryma ýolbaşçylyk etdi. Şol sebäpli meniň maşgalam we Hudaý bilen dostlukly gatnaşygym bar. Ejem bilen ýene-de jora bolanym üçin Ýehowa örän minnetdar. Men Hudaý bilen dostlaşyp, ejem bilenem jora bolanyma diýseň begenýärin.

Biz etrap gözegçilik gullugyndan köp şatlyk tapýarys