Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr»

«Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr»

DOKUZ ýaşym dolanda meniň boýum ösmän başlady. Biz Kot-d’Iwuarede ýaşaýardyk. Ondan bäri 34 ýyl geçse-de, şu wagtam meniň boýum bary-ýogy bir metr. Wagtyň geçmegi bilen, boýumyň ösmeýändigi mese-mälim boldy. Ata-enem bu babatda çendenaşa alada etmezligim üçin bir işe gümra bolmagy maslahat berdi. Şol sebäpli men öýümiziň öňünde ir-iýmiş satyp başladym. Men ol ýeri hemişe arassa saklamaga çalyşýardym. Şonuň üçin köp alyjylar gelýärdi.

Emma iş hiç bir zady özgertmedi. Meniň boýum gysga bolansoň, hatda ir-iýmişli tekjelerem menden uzyndy. Ähli zatlar menden iki esse uzyn adamlar üçin ýasalandy. Şol sebäpli ýönekeý zatlaram maňa kynçylyk döredýärdi. Men lapykeç bolýardym, emma 14 ýaşymda garaýşymy üýtgetdim.

Bir güni iki sany aýal ir-iýmiş satyn almaga geldi. Olar Ýehowanyň Şaýatlary ekeni we meniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar. Men özüm hakda alada etmegiň däl-de, Ýehowa we onuň niýetleri barada bilim almagyň wajypdygyna göz ýetirdim. Bu maňa gaty uly kömek etdi. Zebur 73:28-nji aýat meniň iň gowy görýän aýadym boldy. Aýadyň birinji böleginde: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr» diýilýär.

Biz garaşylmadyk ýagdaýda Burkina-Faso diýen ýere göçmeli bolduk. Bu meniň durmuşymy düýpgöter üýtgetdi. Sebäbi Kot-d’Iwuarede ir-iýmiş satanym üçin meni hemmeler tanaýardy, bu ýerde bolsa hiç kim tananok. Hatda adamlar meni görenlerinde geň galyp seredýärdiler, şonuň üçin men birnäçe hepdeläp öýden çykman oturdym. Şonda meniň Ýehowa bilen dostlaşan gowy günlerim ýadyma düşdi. Men Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna hat ýazdym we öýe Neni atly missioner uýa geldi. Onuň kiçijik motoram bardy. Neni maňa tüýs gerekli uýady.

Emma ýollar çägeli bolansoň typançakdy, ýagyş ýaganda bolsa batgalyk bolýardy. Neni bize gelmek üçin motordan ençeme sapar ýykylsa-da, Mukaddes Ýazgylar okuwyny yhlasly geçirýärdi. Bir güni ol meni ýygnak duşuşygyna çagyrdy. Şonda adamlaryň maňa geň galyp seredişleri göz öňüme geldi. Şeýle-de kiçijik motora iki adam münse, ony sürmek has-da kyn boljakdy. Muňa garamazdan, men ýygnak duşuşygyna gitmegi ýüregime düwdüm. Sebäbi halaýan aýadymyň ikinji böleginde: «Reb Hudaýy özüme pena edindim» diýilýär.

Men Neni bilen ýygnak duşuşyklaryna barmak üçin batgalyk ýollardan ýöränimizde, käte ýykylýardyk. Ýöne men ýygnaga barmak üçin batga batanyma gynanmaýardym. Sebäbi dogan-uýalaryň mähirli ýylgyryşynyň beýleki adamlaryň menden gözüni aýyrman seredişinden tapawutlanýandygyny görüp begenýärdim. Men dokuz aýdan soňra suwda çokundyryldym!

Meniň halaýan aýadymda: «Seniň ähli işleriňi yglan ederin» diýilýär. Ýöne men wagyz etmegiň kyn boljakdygyna düşünýärdim. Meniň ilkinji gezek öýden-öýe wagyz edişim hiç ýadymdan çykanok. Sebäbi ýaşlaram, garrylaram maňa geň galyp seredýärdi we maňa öýkünip ýöreýärdiler. Bu maňa gaty agyr degýärdi. Emma men olara-da Jennetiň gerekdigini öz-özüme ýatladyp durýardym. Bu maňa güýç-kuwwat berýärdi.

Köp zatlary etmek aňsat bolar ýaly, men el bilen bat berilýän üç tigirli welosiped aldym. Meniň bilen wagza çykýan dogan-uýalar beýiklige galanymyzda welosipedi iteklemeli bolýardylar; aşak sürmeli bolanda welosipede ylgap münýärdiler. Ilki-ilkiler maňa wagyz etmeklik kyn boldy, ýöne soňra gulluk etmekden şatlyk tapdym. Şol sebäpli 1998-nji ýylda pioner gullugyna başladym.

Men köp adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçdim. Olaryň dördüsi suwda çokundyryldy. Süýtdeş gyz jigimiň hakykaty kabul etmegi meni has-da begendirdi. Gyzyklanýan adamlaryň ruhy taýdan ösüşini eşitmek meni kyn günlerimde has-da ruhlandyrýardy. Bir güni men gyzzyrma bilen keselläp ýatyrkam, Kot-d’Iwuareden hat geldi. Onda Burkina-Fasodaky uniwersitetde okan talybyň wagyzçy bolandygy ýazylypdy. Men onuň bilen gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçiripdim. Soňra men ony bir dogana tabşyrypdym. Biraz wagtdan ol Kot-d’Iwuare göçüp gidipdi. Men bu habary eşidip örän begendim!

Men nädip eklenýärin? Maýyp adamlara kömek edýän gurama maňa tikinçi bolmagy teklip etdi. Emma bir mugallym muny oňarmaýandygymy görüp: «Biz saňa sabyn ýasamagy öwretmeli» diýdi. Şeýdip, men sabyn ýasamagy öwrendim. Indi öýümde kir we el ýuwulýan sabynlary ýasaýaryn. Adamlar sabynlary gowy görüp, başgalara-da ony almagy teklip edýärler. Men üç tigirli motorym bilen sabynlary adamlara paýlaýaryn.

Gynansak-da, 2004-nji ýylda pioner gullugymy goýmaly boldum. Sebäbi meniň oňurga süňkümiň gyşarandygy sebäpli endam-janym agyrýardy. Eger güýçli agyry bolmadyk bolsa, gullugymy dowam ederdim. Emma men şonda-da yhlasly wagyz etmäge jan edýärin.

Köp adamlar meniň mähirli ýylgyrşymy halaýarlar. Men, dogrudan-da, özümi bagtly duýýaryn, sebäbi Hudaýa ýakynlaşmagyň gowudygyny bilýärin. (Sara Maýga gürrüň berdi).