Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýagşylyk ediň

Ýagşylyk ediň

Näme üçin?

Adamlaryň aňyna siňen ala tutmak häsiýetini çalt aýryp bolmaýar. Meselem, keselden gutulmak üçin wagt gerek we bejergi almaly. Şonuň ýaly ýüregimizden ala tutmak häsiýetini aýyrmak üçin wagt gerek we tagalla etmeli. Munuň üçin näme etmeli?

Mukaddes Kitapdaky maslahat

«Söýgi häsiýetini öwreniň, sebäbi söýgi ähli adamlary agzybir edýär» (KOLOSLYLAR 3:14).

Aýadyň manysy: adamlary söýüp, ýagşylyk etsek agzybir ýaşarys. Biz adamlara elimizden gelen ýagşylygy etsek, hiç kimi ala tutmarys. Adamlary ýürekden söýsek, olary ýigrenmeris, hormat goýarys.

Näme edip bileris?

Hiç bir milleti ala tutman, hemmelere ýagşylyk edeliň. Munuň üçin ýönekeýje zatlary edip bileris. Meselem:

Adamlary ala tutman, her bir mümkinçilikden peýdalanyp ýagşylyk edeliň

  • Olara gapyny açyp bereliň ýa-da awtobusda oturmaga ýer bereliň.

  • Olar biziň dilimizde gowy gepläp bilmese-de, hal-ýagdaýyny sorap, gürrüňdeş bolalyň.

  • Olaryň özüni alyp barşy gaharymyzy getirse-de, sabyrly bolalyň.

  • Gaýgy-aladasyny gürrüň berenlerinde, olary ünsli diňläliň.