Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Haraba bolup ýatan gadymy Wawilondan tapylan kerpiçler we kerpiç bişirýän peçler Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny nädip subut edýär?

GAZUW-AGTARYŞ işleriniň netijesinde, arheologlar gadymy Wawilondan millionlarça bişen kerpiçleri tapdylar. Bişen kerpiçlerden şäherleri gurupdyrlar we abatlaýyş işlerini geçiripdirler. Arheolog Robert Koldweýiň aýtmagyna görä, «kerpiç bişirýän peçleri şäheriň daşynda gurupdyrlar, sebäbi kerpiç ýasamak üçin toýun we peçleri ýakmak üçin odun tapmak... aňsat bolupdyr».

Wawilonyň gadymy golýazmalarynda patyşalaryň şol peçleri aýylganç işler üçin ulanandygy ýazylan. Toronto uniwersitetiniň professory assiriýalylaryň dilini we taryhyny öwrenýän Paul-Alan Bewluw şeýle diýýär: «Wawilonyň gadymy golýazmalarynda aýdylmagyna görä, patyşalaryň permany bilen gozgalaň turuzýanlary we mukaddes taňrylara dil ýetirýänleri peçde ýakypdyrlar». Kerpiçdäki ýazgylaryň birinde Nawuhodonosor patyşanyň döwri hakda şeýle ýazylan: «Olary peçde ýakyň, gowruň, ýok ediň... Goý, olaryň gahar-gazaby lowlap duran peçden tüsse bolup çykyp gitsin».

Şu waka Mukaddes Kitaby okaýanlara Danyýar kitabynyň 3-nji babyny ýatladýar. Nawuhodonosor patyşa Deýra düzlüginde, Wawilon şäheriniň daşynda altyndan beýik heýkel gurdurýar. Emma üç ýewreý ýigidi: Sedrah, Meşah, Abdynag heýkele sežde etmeýär. Şonda Nawuhodonosor patyşa gahar atyna atlanyp, pejiň oduny «ýedi esse artdyrmagy buýurýar» we üç ýewreý ýigidi peje atdyrýar. Emma olary Hudaýyň perişdesi lowlap duran otdan halas edýär (Dan. 3:1—6, 19—28).

© The Trustees of the British Museum. Licensed under CC BY-NC-SA 4.0. Source

Bişen kerpiçde Nawuhodonosoryň ady ýazylan

Gadymy Wawilondan tapylan kerpiçler Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny subut edýär. Şol kerpiçleriň köpüsinde Wawilon patyşasyny şöhratlandyryp ýazylan şeýle sözler bar: «Men Wawilonyň beýik patyşasy Nawuhodonosor... Men köşgi öz ellerim bilen gurdum. Ol meniň mesgenimdir... Goý, meniň neslim ebedilik höküm sürsün!» Şu sözler Danyýar 4:30-da Nawuhodonosoryň öwnüp aýdan sözlerini ýatladýar. Ol: «Beýik Wawilon patyşanyň şäheri bolsun, şan-şöhratymy yglan etsin. Men şäheri öz güýç-kuwwatym bilen gurdum!» diýýär.