Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Edilen birje ýagşylygyň miwesi

Edilen birje ýagşylygyň miwesi

JONUŇ kakasy 1950-nji ýyllaryň ahyrynda Hindistanyň kiçijik Gujarati şäherinde suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolýar. Jonuň bir aýal dogany, iki gyz we iki oglan jigisi bardy. Onuň özi, ejesi we jigi-doganlary katolik dinine berk eýerip, kakalaryna güýçli garşylyk görkezýärdiler.

Bir gezek kakasy Jondan mesihçi dostuna hat eltip bermegini haýyş edýär. Şol gün irden Jon ullakan demir gutyny açjak bolanda, barmagyny erbet kesýär. Emma şonda-da ol kakasynyň haýyşyny bitirmek isleýär. Şonuň üçin barmagy ganap dursa-da, ony daňýar-da, haty gowşurmaga gidýär.

Jon kakasynyň dostunyň öýüne baranda, öýde diňe aýaly bar eken; ol hem Ýehowanyň Şaýadydy. Uýa haty alanda, Jonuň daňylgy barmagyna gözi düşüp, oňa kömek etjek bolýar. Ol ilki Jonuň ýarasyny arassalaýar, soňra derman sepip, ony täzeden daňýar we bir käse çaý berýär. Çaý başynda ol Jona Mukaddes Ýazgylar barada mähir bilen gürrüň berýär.

Şonda Jonuň Ýehowanyň Şaýatlary baradaky ters pikirleri kem-kemden aýrylyp başlaýar. Onuň Ýehowanyň Şaýatlaryny katolik dininden tapawutlandyrýan esasy iki taglymat barada bilesi gelýärdi. Ol uýamyzdan: «Näme üçin Isany Hudaý hökmünde kabul etmeýärsiňiz? Merýeme doga etmegi näme üçin nädogry hasaplaýarsyňyz?» diýip soraýar. Uýamyz Jonuň aslynyň gujaratilidigini bilýärdi. Şonuň üçin onuň soragyna Mukaddes Ýazgylardan jogap berip, soňra «Patyşalyk baradaky hoş habar» diýen kitapçany berýär.

Jon kitapçany okanda, Ýazgylardaky hakykaty hamala ilkinji gezek eşidýän ýalydy. Soňra ol ruhanynyň ýanyna baryp, uýamyza beren şol iki soragyny oňa-da berýär. Ruhany gahar-gazaba münýär we Mukaddes Ýazgylary Jonuň ýüzüne zyňyp: «Sen Şeýtan! Bol, maňa Mukaddes Ýazgylardan Isanyň Hudaý däldigini we Merýeme sežde etmeli däl diýip nirede ýazylandygyny görkez. Saňa diýýärin, bol!» diýip gygyrýar. Jon ruhanynyň bolşuna geň galyp: «Men gaýdyp şu buthana aýagymy sekmerin» diýýär. Ol aýdyşy ýaly hem edýär.

Soňra Jon Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlaýar. Ol hakyky seždäniň tarapyny tutup, Ýehowanyň gullukçysy bolýar. Birnäçe wagtdan onuň maşgala agzalarynyň käbiri hem hakykaty kabul edýär. Şondan bäri 60 ýyl geçse-de, Jon barmagyndaky ýaranyň yzyny görende, birwagt edilen ýekeje ýagşylygyň oňa hakyky dini kabul etmäge kömek edendigini mähir bilen ýatlaýar (2 Kor. 6:4, 6).