Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz adamyň daş keşbine görä baha berýärmisiňiz?

Siz adamyň daş keşbine görä baha berýärmisiňiz?

KANADADA ýaşaýan Don atly Ýehowanyň Şaýady öýsüz-öwzarsyz adamlara wagyz etmäge tagalla edýär. Don şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek men seýilgähde Piter atly öýsüz-öwzarsyz adama duşdum. Onuň üsti-başy görer ýaly däldi, özündenem ýakymsyz ys gelýärdi. Adamlar onuň deňinden aýlanyp geçýärdi. Men şeýle adamy öň hiç haçan görmändim. Köpler oňa ýagşylyk etmäge synanyşsa-da, ol hiç kimiň kömegini kabul etmek islemeýärdi». Muňa garamazdan, Don 14 ýyldan gowrak bu öýsüz-öwzarsyz adamyň sabyrly we mähir bilen aladasyny edýär.

Bir gezek Piter Dona ýüzlenip: «Hemmeler menden gaçýar. Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Näme üçin meniň aladamy edýärsiň?» diýýär. Don onuň ýüregine täsir etmek üçin Mukaddes Ýazgylardan üç aýat okaýar. Başda ol Piterden Hudaýyň ady barada soraýar we ondan Zebur 83:18-i okamagy haýyş edýär. Soňra näme üçin onuň aladasyny edýändigini görkezmek üçin Rimliler 10:13, 14-nji aýatlary okaýar. Ol ýerde şeýle sözler bar: «Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar». Iň soňunda Don Matta 9:36-ny okaýar we Piterden bu aýady ýene bir gezek okap bermegi haýyş edýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «(Isa) uly märekäni görüp, olara ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz we pytraňňydy». Şonda Piter gözüne ýaş aýlap: «Menem şol goýunlaryň birimi?» diýip soraýar.

Piter durmuşyny özgerdip başlaýar. Ol ýuwnup-ardynyp, sakgal-murtuny syrýar we Donuň maslahat berşi ýaly, egin-eşigini hem täzeleýär. Piter daş keşbini arassa saklamaga jan edýärdi.

Piter gündelik ýöredýärdi. Onuň başky sahypalary gynançly bolsa-da, soňky sahypalary, ýagny Don baradaky ýerleri tapawutlanýardy. Şol sahypalaryň birinde şeýle diýilýärdi: «Şu gün men Hudaýyň ady barada bildim. Indi men Ýehowa doga edip bilýärin. Onuň adyny bilmek uly hormat! Don meniň Ýehowa bilen dostlaşyp bilýändigimi, Onuň meni hemişe diňlemäge taýyndygyny we oňa islendik wagty ýüregimi döküp bilýändigimi aýtdy».

Piter soňky sözlerini jigi-doganlaryna ýüzlenip ýazypdyr. Ol hatynda şeýle diýýär:

«Bu gün meniň özümi duýşum onçakly gowy däl. Az wagtym galypdyr öýdýän. Şu gün dünýäden ötsemem, men dostum (Dony) Jennetde ýene-de görjekdigimi bilýärin. Eger siz şu haty okaýan bolsaňyz, diýmek, men aradan çykdym. Siz meni jaýlamaga gelen adamlaryň arasynda bize meňzemeýän bir adamy görseňiz, onuň bilen gepleşiň, şu gök kitaby hem okamagyňyzy haýyş edýärin («Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» atly bu kitap arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwy geçilýärdi. Piter ony birnäçe ýyl mundan öň alypdy) *. Bu kitapda dostumy Jennetde ýene görjekdigim barada aýdylýar. Men muňa ýürekden ynanýaryn. Siziň söýgüli doganyňyz Piter».

Piteri jaýlanlaryndan soň, uýasy Ummi şeýle diýýär: «Iki ýyl mundan öň, men Piter bilen görüşdim. Men şunça ýylyň dowamynda ilkinji gezek onuň şadyýandygyny, hatda ýylgyrýandygyny gördüm». Ol Dona: «Men muny hökman okaryn, eger ol doganymyň ýüregine täsir eden bolsa, diýmek, bu üýtgeşik kitap bolmaly» diýýär. Şeýle-de Ummi Ýehowanyň Şaýatlary bilen has soňrak çykan «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby arkaly okuw geçmäge razylaşýar.

Bizem adamyň daş keşbine görä baha bermeli däl. Gaýtam, ähli adamlara ýürekden söýgi bildirip, olar bilen sabyrly bolmaly (1 Tim. 2:3, 4). Eger şeýtsek, biz Piter ýaly adamlaryň ýüregine täsir edip bileris. Olar adamlaryň gözüne ýakymsyz görünseler-de, ýürekleri päk bolmagy mümkin. Biz «kalba seredýän» Hudaýyň dogry adamlaryň ýüreginde hakykaty ösdürýändigine ynanyp bileris (1 Şam. 16:7; Ýah. 6:44).

^ abzas 7 Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşiri, häzir ol çap edilmeýär.