Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlarynyň öz Mukaddes Kitaby barmy?

Ýehowanyň Şaýatlarynyň öz Mukaddes Kitaby barmy?

 Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaby öwrenenlerinde, onuň dürli terjimelerini ulanýarlar. Emma biz ene dilimizde bar bolsa, «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinden» peýdanlamaga çalyşýarys, sebäbi ol dogry we düşnükli terjime edilip, onda Hudaýyň ady ençeme gezek duş gelýär.

  •   Hudaýyň ady ulanylýar. Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde onuň çap edilmegine goşant goşan 70 adamyň ady ýazylypdyr. Emma onda kitabyň Awtory Ýehowa Hudaýyň ady ýekeje gezegem duş gelmeýär. Eýsem, Mukaddes Kitapdan Hudaýyň adyny aýyrmak oňa hormat goýulmaýandygyny görkezmeýärmi näme?

     Gadymy golýazmalarda Hudaýyň ady nirede duş gelýän bolsa, ol «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde-de» dikeldildi. Onda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelýär, emma ony terjime eden adamlaryň ady bolsa agzalmaýar.

  •   Dogrulygy. Käbir terjimelerde Mukaddes Kitapdaky habar nädogry berlen. Meselem, bir terjimede Matta 7:13-nji aýat: «Dar gapydan giriň, çünki dowzaha eltýän gapy giň we ýoly aňsat» diýip terjime edilipdir. Ýöne Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalarynda «dowzah» sözüniň ýerine «heläkçilik» sözi ulanylýar. Aslynda, terjimeçiler «dowzah» sözüni erbet adamlaryň dowzah oduna ýanyp, ejir çekýändigine ynanandygy sebäpli ulanypdyrlar. Emma bu düşünje Mukaddes Kitaba esaslanmaýar. Şonuň üçin «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» bu aýat: «Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy giň, ýol inli» diýip terjime edildi.

  •   Düşnükli. Gowy terjime diňe bir dogry bolman, eýsem, okyjylara düşnükli hem bolmaly. Meselem, Rimliler 12:11-däki Pawlus resulyň aýdan sözüni göni terjime etseň, «ruhuňyz gaýnasyn» diýen manyny berýär. Bu jümle biraz düşnüksiz bolansoň, «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» ol okyja has düşnükli bolar ýaly: «Ruhuň kömegi bilen yhlasly boluň» diýip terjime edildi.

 «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» dogry, düşnükli bolup, onda Hudaýyň ady bar. Üstesine-de, ony mugt alyp bolýar. Şeýlelikde, millionlarça adamlar Mukaddes Kitaby öz ene dilinde okap, hatda ony satyn almaga ýagdaýy bolmadyklar hem alyp bilýär.