Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin urşa gatnaşmaýarlar?

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin urşa gatnaşmaýarlar?

 Aşakda Ýehowanyň Şaýatlarynyň urşa gatnaşmaýadygynyň birnäçe sebäpleri getirilýär.

  1.   Hudaýa gulak asýarlar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň gullukçylary barada şeýle diýilýär: «Olar gylyçlaryndan azal ýasarlar» we «söweşmegi öwrenmezler» (Işaýa 2:4).

  2.   Isa pygambere gulak asýarlar. Isa pygamber Petrus resula: «Gylyjyňy gynyna sal, sebäbi gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýipdi (Matta 26:52). Isa pygamber bu sözleri aýtmak bilen, şägirtlerine uruşmak üçin eline ýarag almaly däldigini düşündirdi.

     Isanyň şägirtleri onuň «dünýäden bolmaň» diýen tabşyrygyna gulak asyp, syýasy işlerde doly bitaraplygy saklaýarlar (Ýahýa 17:16). Olar harby işlere garşy gozgalaň turuzmaýarlar we harby gulluga gidýänlere-de päsgel bermeýärler.

  3.   Adamlary söýýärler. Isa pygamber şägirtlerine «biri-birini söýmegi» tabşyrdy (Ýahýa 13:34, 35). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary bütindünýä doganlygyny saklap, adamlar bilen söweşmeýärler (1 Ýahýa 3:10—12).

  4.   I asyrdaky mesihçilerden görelde alýarlar. «Dinler we uruşlar baradaky ensiklopediýada» şeýle diýilýär: «I asyrdaky Isanyň şägirtleri urşa gatnaşmakdan we harby gulluga gitmekden boýun gaçyrypdyrlar, sebäbi bu Isanyň „duşmanlaryňyzy söýüň“ diýen tabşyrygyna garşy gelýärdi». Edil şonuň ýaly, nemes dini alymy Peter Maýnhold Isanyň I asyrdaky şägirtleri barada: «Adamyň hem mesihçi, hem esger bolmagy asla mümkin däl» diýýär.

Jemgyýete berýän peýdamyz

 Ýehowanyň Şaýatlary ýaşaýan ýeriniň howpsuzlygyna zyýan ýetirmän, gaýtam, jemgyýete peýda getirýärler. Biz Mukaddes Kitabyň şu tabşyryklaryna gulak asyp, häkimiýete hormat goýýarys:

  •   «Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly» (Rimliler 13:1).

  •   «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» (Matta 22:21).

 Şol sebäpli biz kanuna gulak asýarys, salgytlary töleýäris we häkimiýetiň jemgyýet barada edýän aladasyna goşant goşýarys.