Esasy materiala geçiň

Ýüzlerçe dilde çykýan wideolar

Ýüzlerçe dilde çykýan wideolar

Ýehowanyň Şaýatlaryny terjimeçilik işi bilen tanaýarlar. Biz 2014-nji ýylyň noýabrynda Mukaddes Ýazgylary 125 dile we oňa esaslanan edebiýatlary 742 dile terjime etdik. Biziň terjimeçilik işimize wideolary hem terjime etmek girýär. 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» diýen wideo 398 dilde we «Mukaddes Kitaby öwrenmegiň näme peýdasy bar?» atly wideo bolsa 569 dilde çykdy. Bu işler näme üçin we näme maksat bilen edilýärkä?

2014-nji ýylyň martynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýädäki filiallara wideolary, mümkin boldugyndan, köp dillerde çykarar ýaly, terjime edip, audio ýazgylary taýýarlamagy tabşyrdy. Bu işleriň maksady — adamlary Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge höweslendirmek.

Wideolary terjime etmek üçin birnäçe işler edilmeli. Ilki bilen, terjimeçiler topary wideonyň sözlerini terjime etmeli. Soňra şol dilde ses berjek adamlary tapmaly. Şeýle-de audio we wideo studiýasy terjime edilen tekstiň audio ýazgysyny ýazýar, soňra ses ýazgysyny barlaýar we ekranyň ýüzüne çykýan sözleri taýýarlaýar. Ahyrynda, audio ýazgysyny, sözleri hem-de wideony bir faýla geçirip, web-saýtymyza goýýarlar.

Käbir filiallarda studiýalar bar we onda tälim alan işgärler işleýär. Ýöne daş ýerlerdäki bölümlerde wideolary terjime etmek üçin nähili işler edilýärkä?

Ähli ýurtlarda audio ýazgylaryň operatorlary bir ýerden başga ýere göçürip bolýan ses ýazyjy enjamlar bilen işleýär. Olar mikrofon, kiçiräk kompýuterler hem-de audio ýazgysynyň programmasy arkaly ofislerde, Ýygnak jaýynda ýa-da öýlerde wagtlaýyn studiýany gurnaýarlar. Ýerli halkyň dilinde gürleýän adamlar bolsa okyjy, taýýarlaýjy hem-de barlaýjy bolup hyzmat edýärler. Ýazgy taýyn bolup, ony çykarmaga rugsat berlende, audio ýazgylaryň operatory enjamlaryny ýygnap, başga ýere işlemäge gidýär.

Şeýle işler arkaly wideolar öňküsinden-de üç esse köp dillerde çykarylýar.

Wideolar ençeme adamlara güýçli täsir etdi. Köpler biziň wideolarymyzy ene dilinde birinji gezek gördüler.

Şeýle wideolaryň biri pitýantýatra dilinde çykdy. Bu dilde Awstraliýada ýaşaýan 2 müň 500-den gowrak adam gürleýär. Wideolarymyzy şol dile Demirgazyk territoriýadaky Alis-Spring şäherinde ýazga geçirdiler. Audio ýazgylary ýazdyrmaga kömek eden Kallen Tomas atly bir adam şeýle diýýär: «Adamlar bu wideolaryň çykanyna gaty begendiler. Olar planşetden gözüni aýyrman wideolary gördi we şeýle wideolary ýene-de nireden tapyp bolýandygyny sorady. Bu dilde edebiýatlar hem gaty azdy. Olar bir zat barada eşidende, hasam ony gözi bilen görende, aňk-taňk bolýardylar».

Kamerunda iki sany Ýehowanyň Şaýady gaýykda ýüzüp barýarka, Pigmeý diýen obada durýar. Olar şol obada mekdep mugallymy bolup işleýän tirebaşy bilen gepleşýär. Tirebaşynyň bassa dilinde gepleýändigini bilende, Şaýatlar oňa ene dilinde «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» atly wideony görkezýärler. Bu tirebaşa gowy täsir edýär we ol okar ýaly edebiýat soraýar.

Indoneziýanyň bir obasyndaky dini ýolbaşçy Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy çykyp, olaryň paýlan ähli edebiýatlaryny ýakýar. Obanyň ýaşaýjylary bolsa Ýygnak jaýyny otlajak diýip gorkuzýar. Soňra 4 polisiýa işgäri bir Şaýadyň öýüne gelip, onuň özüni hem-de maşgalasyny soraga tutýar. Olar Ýygnak jaýynda nämeleriň bolýandygyny bilmek isleýär. Şonda ýaňky Şaýat olara indonez dilinde «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» diýen wideony görkezýär.

Wideony görenlerinden soň, polisiýa işgärleriniň biri şeýle diýýär: «Indi men adamlaryň siz hakda ters pikirde bolup, ähli zady anyk bilmeýändiklerine göz ýetirdim». Beýleki polisiýa işgäri bolsa: «Men şu wideony başgalara-da görkezer ýaly, ony geçirip alsam bolýarmy? Bu wideoda siz barada dogry zatlar aýdylýar» diýdi. Indi polisiýa işgärleri Ýehowanyň Şaýatlaryna dogry garaýyşda bolup, olary goraýar.

Eger şu wideolar siziň ene diliňizde bar bolsa, onda olary görseňiz gowy bolar!