Esasy materiala geçiň

Suratlaryň galereýasy. Çagalar multfilmleri gowy görýär

Suratlaryň galereýasy. Çagalar multfilmleri gowy görýär

«Ýehowanyň dosty boluň» atly multfilmleriň ýygyndysyndaky aýdymlary hem-de Aman bilen Aýna baradaky multfilmleri hemmeler gowy görýär. Ene-atalar hem-de çagalar bu multfilmler üçin minnetdarlyk hatlaryny ýazyp iberýärler. Käbir çagalaryň aýdan sözlerine seredeliň.

  • «„Gulak asmak bereket getirýär“ atly aýdymy çykarandygyňyz üçin, köp sagbolsun aýdýaryn. Men ony oýunjagym bilen günde görýärin» (Zak, 5 ýaşynda).

  • «Täze aýdymdan Ýehowanyň meni gaty gowy görýändigini we oňa hemişe doga etmegimi isleýändigini bildim» (Mikaraýa, 6 ýaşynda).

  • «Men enem-atama gulak asmagy we arassa hem tertipli bolmagy öwrendim. Biziň üçin bu multfilmi çykaranyňyza sag boluň» (Nikola, 8 ýaşynda).

  • «Bu multfilm üçin köp sag boluň. Ol diýseň gülkünç hem gyzykly eken. Men ony gaty haladym» (Makkenziýa, 5 ýaşynda).

  • «Men „Ýehowanyň dosty boluň“ diýen multfilmleri diýseň gowy görýärin. Olary günde görýärin. Ýehowanyň kömegi bilen, şeýle multfilmleri çykarýandygyňyz, nähili oňat!» (Ewa, 8 ýaşynda).

  • «Men bu multfilmleri görmegi halaýaryn, aýdymlary-da ýat tutjak bolýaryn. Bu multfilmlerden Ýehowany söýmegi öwrenýärin» (Deýwon, 4 ýaşynda).

  • «Aman hakdaky indiki multikler haçan çykarka diýip garaşýaryn! Sizden multfilmleri çykaryp durmagyňyzy haýyş edýärin» (Wans, 8 ýaşynda).

6 ýaşly Şaýlo (Awstraliýa)

12-nji sapak: Aman bilen Aýna Beýtele barýar

8 ýaşly Siýenna (Awstraliýa)

106-njy aýdym: «Ýehowanyň dosty bol»

10 ýaşly Eduardo (Braziliýa)

13-nji sapak: Ýehowa saňa batyrgaý bolmaga kömek eder

11 ýaşly Mişel (Germaniýa)

10-njy sapak: Mähirli bolup, paýlaşmagy öwren

8 ýaşly Prissilla (Germaniýa)

11-nji sapak: Ýürekden bagyşla

7 ýaşly Miku (Ýaponiýa)

13-nji sapak: Ýehowa saňa batyrgaý bolmaga kömek eder

10 ýaşly Tomoaki (Ýaponiýa)

6-njy sapak: Haýyş et we sag bol aýt

7 ýaşly Samuel (Meksika)

9-njy sapak: «Ähli zady Ýehowa ýaratdy»

6 ýaşly Adrianna (ABŞ)

92-nji aýdym: «Sözi wagyz et»

11 ýaşly Antoni (ABŞ)

2-nji sapak: Ýehowa gulak as