Esasy materiala geçiň

Millionlarça Ýehowanyň Şaýatlary üçin Ýygnak jaýlary gurulýar

Millionlarça Ýehowanyň Şaýatlary üçin Ýygnak jaýlary gurulýar

1999-njy ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda Ýehowanyň Şaýatlary Merkezi Amerikada a we Meksikada 5 müňden gowrak Ýygnak jaýlaryny gurdular. Emma 1 million Ýehowanyň Şaýady we şol ýerlerdäki ýygnaklara gatnaşýan adamlar üçin ýene-de 700-den gowrak Ýygnak jaýlaryny gurmalydy.

Birnäçe ýyl mundan öň, bu ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlaryna sežde edýän ýerlerini gurmak kyn bolupdyr. Mysal üçin, Meksikada ençeme Şaýatlar duşuşyklary öýlerinde geçirýärdi. Munuň bir sebäbi, şol ýeriň kanunyna görä, birnäçe ýyllap dini guramalara hususy emlägini edinmäge rugsat berilmeýärdi. 1990-njy ýylda bolsa kanun üýtgeýär we Ýehowanyň Şaýatlary köp Ýygnak jaýlaryny gurup başlaýar. Ýöne her Ýygnak jaýyny gurmak üçin birnäçe aý gidýärdi.

Çalt depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri

1999-njy ýylda Ýygnak jaýlarynyň gurluşykçylar toparlary täze programma esasynda ýagdaýy çäkli ýurtlarda, şol sanda Meksikada hem-de Merkezi Amerikanyň beýleki 7 ýurdunda Ýygnak jaýlaryny gurup başladylar. 2010-njy ýyldan bäri Meksikadaky filial tutuş ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işine gözegçilik edýär.

Gurluşyga gatnaşýan Şaýatlar uzak ýerlerde Ýygnak jaýlaryny guranda, käbir kynçylyklara duş geldiler. Meselem, Panamadaky gurluşykçylar gurluşyk meýdanlarynyň diňe birine barmak üçin, gaýykda 3 sagada golaý ýüzmelidi. Meksikanyň Çýapas ştatyndaky gurluşykçylar topary bolsa, kiçi uçar bilen gurluşyk materiallaryny daş ýerlere eltýärdi.

Täze Ýygnak jaýlarynyň peýdasy

Täze gurlan Ýygnak jaýlaryny şol ýeriň ýaşaýjylary-da görmek isleýärdi. Mysal üçin, Gondurasdan bir adam özüniň ýaşaýan ýerinde Şaýatlaryň Ýygnak jaýyny, başgalaryň bolsa gijeki klubyny gurjak bolýandyklaryny aýtdy. Ýöne bu ol adama ýaramady. Ýehowanyň Şaýatlary şol ýerde Ýygnak jaýyny gurmakçydygyny aýdanlarynda, ol adam: «Gaty gowy!» diýdi.

Köp ýerlerde adamlar gurluşykçylaryň çekýän zähmetini görüp, haýran galýarlar. Gwatemalada ýaşaýan bir adam şeýle diýýär: «Biziň medeniýetimizde aýal-gyzlar köplenç aşhanada işlemeli. Ýöne bu ýerdäki aýal-gyzlar erkekler bilen deň hatarda işleýärler. Aýallaryň demir karkaslary birleşdirip hem-de diwarlary aklap ýörendigini görenimde, agzym açyldy. Beýle zady men öň hiç haçan görmändim!» Hatda şol ýerdäki käbir adamlar hem gurluşykçylara iýer ýaly zat we sowujak suw satyn alyp berdiler.

Şeýle-de biziň Ýygnak jaýlarymyzyň gurluşygy köp adamlarda gowy täsir galdyrýar. Nikaragualy bir inžener şäher häkimine şol ýerde gurlan Ýygnak jaýynyň juda owadandygyny we iň gowy materiallardan gurlandygyny aýtdy. Dogrudanam, onuň aýdyşy ýaly, Ýygnak jaýymyz şäherdäki beýleki binalara garanyňda, iň ýokary derejede gurlupdy!

Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlarynyň özleri-de mynasyp ýerlerde sežde edýändiklerine örän begenýär. Olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlaryň täze Ýygnak jaýy gurlansoň, duşuşyklara gatnaşmaga isleginiň hasam artandygyny aýdýarlar. Meksikada Ýygnak jaýyny gurýan gurluşykçylara kömek eden ýerli Şaýatlar öz minnetdarlygyny bildirip: «Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýan Ýygnak jaýynyň gurluşygyna gatnaşyp bilendigimize Ýehowa alkyş aýdýarys!» diýdiler.

a Bir maglumata görä, Merkezi Amerika ýurtlaryna Gwatemala, Salwador, Gonduras, Nikaragua, Kosta-Rika, Panama hem-de Beliz respublikalary girýär («Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary, 11th Edition»).